Iri göwrümli eserleri ýerine ýetirmegiň bäsleşigi

Iri göwrümli eserleri ýerine ýetirmegiň bäsleşigi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserawtoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşikleriň sany barha artýar. Şeýle bäsleşikleriň biri 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 18-ne ýörite sazçylyk mekdebiň “Halk saz gurallary” bölüminiň talyplarynyň arasynda geçirildi. Akkordeon saz guralynda iri göwrümli saz žanrlaryň bir görnüşi bolan sonatadyr sonatina ýaly eserleri ezber ýerine ýetirmekde bölümiň I-II-III ýyl talyplaryň arasynda geçirilen bäsleşik çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Bäsleşikde adalatly baha bermek Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Hally Muhammetgulyýewe, şeýle-de Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Mähriban Jumaýewa ynanyldy. Bäsleşikde talyplar diňe bir türkmen kompozitorlarynyň döreden eserlerini ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini asyl nusgasy kimin ýerine ýetirmegi başardylar. Bäsdeş ýoldaşlaryndan öňe saýlanmagy başaran talyplar emin-agzalaryň öwgüli sözlerine mynasyp boldular. “Halk saz gurallary” bölüminiň II ýyl talyby, bölümiň talapkär mugallymlarynyň biri Irina Wladimirowna Şelehowanyň şägirdi Begenç Döwletgeldiýew K.M.Weberiň do-mažor sonatinasynyň esasy temalarynyň häsiýetini açyp görkezmekde sazy beýan ediji serişdelerini diýseň jaýdar ýerine ýetirmek bilen ýokary baha, ýagny I orna mynasyp boldy. Bölümiň I ýyl talyby, halypa mugallym Bagdagül Hudakuliýewanyň şägirdi Azat Gurbangeldiýew türkmen kompozitory Durdy Nuryýewiň ýerine ýetirmekde ezberligi talap edýän meşhur eserleriniň biri lýa-minor sonatinasyny diňleýjileriň dykgatyna ýetirip, II orna mynasyp boldy. Bäsleşikde III baýrakly orna bölümiň I ýyl talyplary Ýazmuhammet Garaýew, şeýle-de Nurgeldi Aganazarow dagylar mynasyp boldular. Ýazmuhammet Garaýew Wena nusgawy mekdebini esaslandyryjy kompozitor Ý.Gaýdnyň sol-mažor sonatinasyny, Nurgeldi Aganazarow Pleýeliň fa-mažor sonatinasyny ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda halypa mugallymlar tarapyndan talyplaryň ählisine saýlap alan hünärleri bilen dahylly birnäçe degerli maslahatlar berildi, şeýle-de ýeňiji bolan talyplara mekdebiň Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. 
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy
Mähriban Jumaýewa 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19