Talyplara döwrebap bilim bermekde sanly ulgamyň orny

Talyplara döwrebap bilim bermekde sanly ulgamyň orny
Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim derejesiniň dünýä ýüzüniň halklary bilen bäsleşmekde mynasyp garşydaş hökmünde çykyş etmegi ugrunda alynyp barylýan bimöçber işleriň arasynda sanly bilim ulgamyny ösdürmek baradaky konsepsiýasy aýratyn orun eýeleýär. Ylym-bilim ulgamynyň sanlaşmagy adam durmuşynyň ýeňilleşmegine, dürli görnüşli mümkinçilikleriň elýeterli bolmagyna ýetirýän täsiri mese-mälim görünip duran hakykatdyr. Muňa el telefonlaryna girizilen dürli görnüşli goşundylar, “Altyn asyr” bank karty arkaly amala aşyrylýan töleg programmalar, awtobus ugurlarynyň gatnaw ýygylygyny görkezýän goşundy, başga-da ynsan bähbidini gözöňünde tutulyp, döredilen dürli görnüşli goşundylar we hyzmatlar mysal bolup biler. 
Sanly bilimiň okuw-sapaklaryna ýetirýän oňyn täsiri barada bellemeklik aýratyn zerurdyr. Mekdep okuwçylaryň gatnaşygydyr ýetişigini, olaryň üstünliginiň habaryny ýakyn hossarlaryna elektron arkaly ýetirip durýan programmalaryň oýlap düzülmegi ene-atalar üçin çagalaryny gözegçilik astynda saklamakda esasy ýardamçy bolup hyzmat edýär. Bular bilen birlikde ýaşlara bilim berýän döwlet edaralarynda elektron žurnallaryň, elektron testleriň, wideo sapaklaryň we başga-da işleriň dürli görnüşleriniň elektronlaşmagy mugallymlaryň bähbidine boldy. 
Okuw sapaklarynyň sanlaşmagy bilen baglanyşykly, onda-da mugallym-talyp ýaly gatnaşygyň janly görnüşini talap edýän sazçylyk biliminiň sanlaşmagy barada geçirilen täsirli çäre Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymlary tarapyndan gurnaldy. “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminde alynyp barylýan dersleriň sanlaşmagy bilen baglanyşykly gurnalan çärede bölümiň birnäçe mugallymlary alyp barýan dersleriniň sanly görnüşindäki aýratynlyklaryny talyplaryň dykgatyna ýetirdiler. Bölümiň ýaş mugallymy Bägül Aýdogdyýewanyň alyp barýan “Saz informatikasy” dersiniň gönüden-göni sanly ulgam bilen baglanyşyklydygy baradaky taýýarlan prezentasiýasy talyplarda aýratyn täsir galdyrdy. 
Gurbanlyýewa Ogulşeker mugallymyň “Solfejio” dersinde alynyp barylýan işleriň käbir görnüşiniň sanlaşmagy bilen baglanyşykly taýýarlan çykyşyny mugallymlar makullap, ony iş ýüzünde ulanmaklygyň netijeli boljakdygy baradaky edilen bellikler bilen mugallymy begendirdiler. 
Öwezow Hanguly mugallymyň talyplardyr mugallymlaryň dykgatyna ýetiren prezentasiýasy “Garmoniýa” dersi bilen baglanyşykly boldy. Onuň ykjam telefonlar üçin goşundy hökmünde teklip eden prezentasiýaly çykyşy dürli žanrdaky sazlaryň garmoniýasyny düzmekde ýaş sazandalara ýardamçy bolup hyzmat etjekdigine umyt bildirildi.
Bölümiň ýaş mugallymy Aýtäç Mededowanyň “Saz teoriýasy” dersinden taýýarlan çykyşynda tehnologiýalaryň ösüp barýan döwründe oýlanyp tapylan robot “mugallymlaryň” ýerine ýetirip biljek mümkinçilikleri barada söz açyldy. Ýaş mugallymyň okatmagyň bu usulynyň durmuşa geçirilmegine geljekde inžener-tehnologlaryň ýardamçy boljagyna umyt bildirildi.
Sanly ulgamyň derslere ýetirýän oňyn täsiri bilen baglanyşykly geçirilen prezentasiýalar çäresiniň ahyrynda mekdebiň direktorynyň okuw işleri boýunça orunbasary S.E.Baýramow, şeýle-de “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri S.S.Baýryýewa mugallymlara gurnan şeýle täsirli çykyşlary üçin köp minnetdarlyklaryny bildirip, alyp barýan işlerinde üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuwladylar.
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy
Mähriban Jumaýewa  

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19