Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň halkymyza sowgat edilmegi mynasybetli kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada mekdebiň direktory M.B.Kerimow, “Umumy ynsanperwrlik we durmuş ykdysady dersleri” bölüminiň müdiri Enejan Amangulyýewa, Önümçilik tejribeliginiň ýolbaşçysy Sähra Baýryýewa, Zenanlar guramasynyň başlygy Nurana Annaberdiýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Hakyda göwheri” atly kitabyň ýurdumyzyň taryhyny öwrenmekde ýaşlar üçin möhüm gollanma bolup durýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Türkmen halky ähli döwürlerde hem kitap okamagy bilim, ylym öwrenmegi eşretli ýaşaýşyň halal durmuşyň we ýagty geljegiň esasy hasaplapdyrlar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Milli Liderimize döredijilik äleminde üstünlikleri arzuwlap, Gahryman Arkadagymyzyň bu eserde türkmen topragynda ömür süren yklymlaryň taryhy ösüşine goşant goşan meşhur serkerdeler, şalar, soltanlar, akyldarlar barada pikir garaýyşlaryny halka ýetirýär, şeýle-de Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiligini, şöhratly geçmişini, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barada giňişleýin beýan edilýändigini belläp geçdiler. Türkmeniň baý taryhyny özünde jemleýän bu kitabyň türkmen we iňlis dillerinde çap edililendigini hem talyplara beýan etdiler.
Milli Liderimiziň täze kitabynda: “Ynsany bagtyýarlyga eltýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda, dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen türkmen halky hem ýatlanylýar” diýen sözleri ýaşlarda milli buýsanç duýgusyny goşalandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, olar “Taryha syýahat” we “Ruhy miras” diýlip atlandyrylypdygyny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-filosofik eserleri mugallymlaryň, talyplaryň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragy boljakdygyny, halkymyzyň şöhratly baý taryhy, medeni-mirasy, döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan bu eser ýaş nesilleri Watançylyk, belent ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhda terbiýelemek üçin gymmatly hazyna hökmünde şeýle hem, halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy medeni hazynasynyň dür merjeni bolmak bilen nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat etjekdigini bellemek bilen dabaranyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, halkbähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuwlap mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň adyndan alkyş sözleriniň ýaňlanmagy bilen jemlendi.
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet
ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy
Annaberdiýewa Nurana