Aşgabatda “Reňkleriň simfoniýasy” sungat sergisiniň açylyş dabarasy bolar

2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary – Gahryman we Gunça Goçmyradowlaryň “Reňkleriň simfoniýasy” atly şahsy döredijilik sergisi açylar.

Suratkeş Gahryman Goçmyradowyň 40 ýaş ýubileýi mynasybetli gurnaljak bu sergide olaryň dürli ýyllarda döreden 200-den gowrak nakgaşlyk eserleri görkeziler.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda asylly mugallymçylyk kärini ýöredýän Gahryman Goçmyradowyň hem-de onuň maşgalasy Gunça Goçmyradowanyň eserleri esasan, halk döredijiligine, adamzat filosofiýasyna, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemine, halklaryň arasyndaky dost-doganlyga we asuda Watanymyzyň şahyrana waspyna esaslanýar.

Sergi 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-ne sagat 16:00-da açylar.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Asudalyk köçesi, 33 jaý.

Paýlaş

29/01/2025

BILDIRIŞ!

BILDIRIŞ!Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ý

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19