«Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly döredildi

9-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi.

Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredilip, bu ýubileý medaly hakynda Düzgünnama hem-de ýubileý medalynyň Ýazgysy tassyklandy.

Kanun şu gün --- 10-njy fewralda merkezi metbugat neşirlerinde («Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde) çap edilip, resmi taýdan herekete girizildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19