Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

 2024-nji ýylyň 5-nji aprelinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama esasynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-neshat çäresi geçirildi. Maslahaty mekdebimiziň direktorynyň orunbasary Baýramow S.E. alyp bardy.  Bu wagyz-neshat çäresi 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary hakynda boldy. Maslahatda ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil, ruhubelent, sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmaklygy, döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň, maşgalanyň öňündäki borçlary, milli mirasymyzy sarpalamak, ata-babalarymyzdan gelýän türkmençilik edebi, arassa ahlaklylyk barada aýdyldy. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşýär. Ýurdumyzyň bilim ojaklary dünýäniň abraýly okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlyk saklaýarlar. Ýaşlar halkara bäsleşiklerinde, olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, ýaşyl Tugumyzy belende göterýärler. Ýaşlaryň  ylmy açyşlary dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýar. Maslahatda  Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň  watanysöýüjilik, millilik, agzybirlik, terbiýe, ahlak barada aýdan öwüt-nesihatlary wagyz edildi. Ýaşlar watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşup, onuň abraý-mertebesini belende galdyrmalydyrlar, olar geljekde hem “halypa-şägirtlik ýoluny” dowam etmelidirler. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda akyldar şahyrymyzyň şanly 300 ýyllygy mynasybetli ägirt uly heýkeliniň gurulmagy,  Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) mejlisinde 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan edilmegi hem Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän taglymatynyň aýdyň nyşanydyr.  
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda myhmanlar hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadygymyzyň janlarynyň sag, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.
 Hanguly Öwezow
                                                                                    Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen 
       milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky 
   Daňatar Öwezow adyndaky 
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
  “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19