“Halkara zenanlar güni” milli bahar baýramy

“Halkara zenanlar güni” milli bahar baýramy mynasybertli çäre geçirildi

“Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda fewral aýynyň 28-ne 8-nji mart “Halkara zenanlar güni” mynasybetli Aşgabat şäheriniň Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumynyň 137-nji orta mekdebinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Türkmen milli saz gurallary” bölümi tarapyndan konsert geçirildi. Ýörite sazçylyk mekdebimiziň talyplary we mugallymlary adaty türkmen halk aýdymlaryny, Pürli Saryýew we Annageldi Jülgäýew ýaly zehinli mukamçy kompozitorlaryň eserlerini, şeýle hem Weli Muhadowyň, Nury Halmämmedowyň, Rejep Rejebowyň ýaly ussat kompozitorlaryň döredijilikleriniň ajaýyp eserlerini ýerine ýetiren baý programma taýýarlanyldy. Tomaşaçylar dutarçylaryň, gyjakçylaryň, tüýdükçileriň, kanon we baglama saz gurallarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konsertinde dirižýor Gadam Jumagulyýewiň ýolbaşçylygynda ,,Şirwan’’ halk saz gurallary orkestri çykyş etdi. Bahar buşlukçysy bolup gelýän bu baýram göwün göteriji, ynsanyň Watançylyk ruhyna ýugrulan, parahatçylyk taglymatyny öňe sürýän zenanlaryň şanyna sena hökmünde ýaňlandy. Mizemez agzybirligiň we jebisligiň nyşany bolan bu baýramçylyk ýurdumyzda uly buýsanç bilen bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler medeniýet we sungat işgärlerini döredijilikli işlemäge, döretmäge, öwrenmäge ruhlandyryp, barha öňe alyp barýar. Konsertde ýerine ýetirilen eserleriň aglaba bölegi belli türkmen kompozitorlarynyň eserleri bilen bir hatar-da, şeýle-de daşary ýurt kompozitorlarynyň hem aýdymdyr sazlary ýerine ýetirildi.

Medeniýetimizi gülletmekde we ony dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikler döredip berýän, medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.


Merjen Baýramowa
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet
ýörite sazçylyk mekdebiniň ,,Türkmen milli saz gurallar’’
bölüminiň VI ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219