KITAPHANA
Biziň Kitaphanamyz
Kitaphana — bu diňe bir kitaplaryň ýerleşýän ýeri däl, eýsem, akyl we ruhyň ösüşiniň mekanydyr. Her bir kitap, täze bir dünýäniň gapysyny açýar, her bir kitaplary açan adam, özüne täze ýol görkezijiniň yzyna düşýär. Kitaplar hiç wagt ýadamaýar, şol bir zady müňlerçe gezek hem sorasaň saňa asyllylyk bilen jogap berer. Kitaphana bolsa, bu ýoly açan, bilim we medeniýeti özünde jemleýän, dünýäniň dürli düşünjelerini we tejribelerini bir ýerde toplaýan mukaddes bir mekandyr. Kitaphana, diňe bir kitaplara eýe bolmak bilen çäklenmeýär, şol bir wagtyň özünde adamlara täze pikirler, täze duýgular, we täze umytlar döretýär. Kitaphanalar, jemgyýetiň ýiti düşünjelerini, ylym-bilimini we medeniýetini aýdyňlaşdyrýan, jemgyýetiň ösüşine goşant goşýan möhüm mekandyr.
Şeýle Kitaphanalaryň biri hem D.Öwezow adyndaky TDÝSM-niň kitaphanasydyr. Kitaphananyň kitap hazynasynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň Jöwher paýhaslaryndan dörän kitaplary talyplaryň esasy gollanmasy bolýar. Sazçylyk , aýdym-saz ugryna degişli kitaplar hem kitaphanaň aglaba bölegini tutýar. Kitaphanada türkmen kompozitorlary olaryň döredijilikleri, sungatda geçen ýollary, ýaş nesillere miras goýan ençeme eserleri we daşary ýurt kompozitorlarynyň döredijilikleri barada gyzykly täsirli kitaplary tapyp bilersiňiz. Bu ýerde okaýan talyplar, ýaş talyplara bilim berýän mugallymlar özlerine gerekli kitaplary tapyp peýdalanyp bilýärler. Biziň kitaphanamyza gelýän talyplarmyzyň köpçüligi günsaýyn has-da artýar ,her bir talyp kitaplaryň sahypalaryndan oz ýoluny tapmak üçin bu mukaddes mekana ýüz tutýarlar. Olaryň esasy maksady özleriniň saýlap alan hünärleriniň ussady bolup, watanymyza ak ýürekden hyzmat etmekdir