Hasabat konserti
Ata-Watanymyz Türkmenistanda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen ýaşlarynyň okamagy, öwrenmegi, döretmegi, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilip berilmegi diýseň buýsandyryjydyr. Ýaşlaryň öz saýlap alan hünärleriniň ussady bolmaklary üçin olaryň hünär mugallymlary hem okuw ýylynyň dowamynda dürlitaraplaýyn döwrebap bilim bermekde öňde goýan wezipelerine ýetmäge çemeleşýärler. Elbetde, sazanda üçin sahnada çykyş etmek iň bir wajyp işleriň biri bolup durýar. Sahnada çykyş etmek üçin bolsa konsert meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek maksat edinilýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde her okuw ýylynyň ahyrynda ähli bölümleriň hasabat konsertini şeýle hem, mekdebiň hasabat konsertini bermek aýratyn bir däbe öwrüldi. Hasabat konsertinde okuw ýylynyň dowamynda öwrenilen saz eserleri, talyplaryň ele alan ukyp-başarnyklary, sahnada ýekelikde we toparlaýyn çykyş etmekde toplan tejribeleriniň netijeleri aýdyň görünýär. Hasabat konserti her bir okaýan talyp üçin ähmiýetli bolup, konsertde talyplar öz başarjaňlyklaryny, ýerine ýetirijilik ukyplaryny görkäzmäge çalyşýarlar. Ine, şular ýaly konsertleriň biri hem 2025-nji ýylyň maý aýynyň 15-ne mekdebiň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölümi tarapyndan gurnaldy. Konserte mekdebiň ähli talypdyr mugallymlary bilen bir hatarda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymlary hem tomaşaçy hökmünde gatnaşdylar. “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň mugallymlary öz talyplarynyň üstünlikli çykyş etmekleri üçin irginsiz zähmet çekendikleri, olar bilen yzygiderli hünär türgenleşikleriniň geçirilendigi öz miwesini berdi. Talyplar Suwhanow Maksatnazar, Durdyýewa Enegül, Ataýew Allanur, Baýarow Umyt, Agaýewa Aýnur, Serdarow Merdan öz ýerine ýetirijilik başarnyklaryny aýdyň görkezmegi başardylar we tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Konsertde türkmen kompozitorlarynyň döredijiligi bilen bir hatarda daşary ýurt kompozitorlarynyň saz eserleri hem belentden ýaňlandy. Türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip beren Milli Liderimize, Hormatly Prezidentimize köp-köp alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”
bölüminiň müdiri Süleýman Gurbanow
DÖWRÜŇ TALAPLARYNA LAÝYKLYKDA
TÄZEÇIL TEHNOLOGIÝALARYŇ ESASYNDA BILIM BERMEK
Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, gazanylan netijeleri önümçilige ornaşdyrmak, ylmy-tehniki, innowasion tehnologiýalar babatdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we şolaryň netijesinde ýurdumyzda hünärmenleriň taýýarlygyny ösen döwletleriň derejesine çykarmak göz öňüne tutulýar. Häzirki zaman ylym-bilim ulgamynyň giň düşünjeli, täzeçe pikirlenip bilýän, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän iş dolandyryjylary taýýarlap ýetişdirmelidigi baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp uly işler amala aşyrylýar.
Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim, medeniýet işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe çykarylýar.
Ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler amala aşyrylýar. Biz ýaş hünärmenleriň hem sanly tehnologiýalardan bilimimizi has-da kämilleşdirmegimiz üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna, innowasiýa maglumat merkezine okuwa ugradylýarys. Sanly tehnologiýalaryň adamzat durmuşynda ähli pudaklarda doly ornaşyp barýandygyny görmek bolýar. Özlerine “tabşyrylan” işi birkemsiz ýerine ýetirýän robot tehnologiýasynyň ösüşi günsaýyn ýokarlanýar. Türkmenistanda bu ugurda üstünlikli taslamalary ýola goýmaga mümkinçilik berýän “Sanly çözgüt IT meýdança” hojalyk jemgyýeti tarapyndan birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Biz hem gelejekde öz sapaklarymyzda robot tehnologiýasy bilen işleşmegi maksat edinýäris. Robot tehnologiýasy bilen talyplaryň ýa-da okuwçylaryň özbaşdak işlemegi, ösen tehnologiýalardan baş alyp çykarmagy, bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmegi esasy üns merkezde duran wezipeleriň biridir. Robot tehnologiýalary ugry boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olary goldamak üçin birnäçe bäsleşikler geçirilýär.
Döwrüň talaby bolan akylly serişdelerden, kompýuterlerden ýaş nesliň peýdalanyp bilmeklerini gazanmak ýola goýulýar. Bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi oňyn ösüşlere atarýar. Şunuň bilen baglylykda biziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda dünýä tejribesini öwrenmek möhümdir.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen
Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti”
bölüminiň mugallymy
Mededowa Aýtäç Ahmetberdiýewna
“Saz informatikasy” dersiniň ähmiýeti
Häzirki globallaşmak şertlerinde tehnologik taýdan özgertmeler ösüşleriň syýasy, ykdysady şol sanda medeniýetiň esasy gurallarynyň biridir. Şoňa baglylykda ähli ugurlary sanly ulgama geçirmek hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylýan özgertmeler strategiýasynyň aýrylmaz bölegidir. Häzirki wagtda sanly ulgama geçilmegi durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň açary bolup hyzmat edýär.
Dürli hünärlerde maglumat tehnologiýasyny ulanmak ukyby häzirki şertlerde barha zerur talap bolup durýar. Sazandanyň işinde hem nota redaktorlary aýratyn ähmiýete eýe bolup, ýeterlik giň mümkinçiliklere eýe we ähli aýdym-saz hünärleriniň wekilleri tarapyndan talap edilýär. Nota redaktorlary döredijilik meselelerini çözmek üçin kompozitorlar we aranžirowkaçylar tarapyndan giňden ulanylýar: ýerine ýetiriji sazandalar dürli görnüşli eserleri döretmek we belli eserleri täzeden işlemek üçin, ussat sazandalar bolsa usulyýet hem ylmy işlerde saz maglumatlaryny ulanmak üçin peýdalanylýar. Nota redaktorlary dürli iş ugurlarynda – professional saz biliminde we döredijiliginde, kino pudagynda, telewideniýada, teatrda, konsertde, nota neşir guramalarynda we kitaphanalarda ulanylýar.
Saz informatikasy – informatikanyň bölegi bolup, sesiň işlenilmeginde we sazda maglumat (informasiýa) tehnologiýalaryny ulanmagy öwrenmekdir. Saz maglumatlarnyň aşakdaky görnüşleri bar:
• Saza bagly bolan maglumat: mahabat, ylmy we ş.m.
• Notalar
• MIDI maglumatlary
• Ses maglumatlary:reality – ýerine ýetiriliş maglumaty; virtuality – maglumatyň özi – eser
• Taslamalar (проекты).
Saz informatikasy dersi aşakdaky programmalary öwrenmekden durýar:
1. Windows-iň operatiw sistemalary bilen işlemegiň esasyny, multimediýalar;
2. EHM (elektron hasaplaýyş maşyny) umumy düşünje;
3. nota redaktorlary (Finale, Sibelius, Сapella, Encore, MagicScore, Harmony Assistans, Noteworthy, Overture, MuseScore);
4. saz akustikasy, audioredaktorlary, kompýuterde ses ýazmak we işlemek tehnologiýasyny öwrenmek;
5. PK-iň (personal kompýuter) programma we apparat üpjünçiligi;
6. Sound Forge programmasy;
7. köpkanally maglumat (многоканального сведения) üçin Samplitude 2496, Cool Edit Pro programmalary;
8. saz kitaphanalary düzmek;
9. MIDI tehnologiýasy;
10. Cubase programmasy;
11. FL-studio programmasy.
Saz informatikasy ylmynyň esasy bölümleriniň biri nota redaktorlarydyr. Häzirki wagtda ençeme nota redaktory programmalary bolup, olaryň içinde has meşhurlary Finale, Sibelius, MusicScore Сapella, Encore, MagicScore, Harmony Assistans, Noteworthy, Overture. Hünärmenleriň pikirine görä, kompýuter programmalarynyň arasynda MakeMusic kompaniýasy tarapyndan döredilen, saz notasiýasynda öňdebaryjy orunda durýan Finale programmasydyr. Bu programmanyň taryhynda çärýek asyrdan gowrak wagt bar. 1988-nji ýylda peýda bolan, Finale programmasy gysga wagtyň içinde kompýuterde saz notasiýasyny ýazmakda dünýä standartyna öwrüldi. Şu güne çenli hem bu ugurda öňdebaryjy orny eýeleýändir.
Finale programmasynyň meşhurlygynyň sebäbi okuw prossesi bilen sazlaşmagy, saz bilimini öwrenmekde ýüze çykýan anyk meseleleri çözmäge gönükdirilmegi bilen kesgitlenilýär. Finale programmasynda MakeMusic kompaniýasynyň işläp taýýarlan interaktiw saz bilimi Smartmusic programmasy bilen özara hereketi göz öňüne tutulandyr. Final-da faýllary Smartmusic gönükmesiniň formatyna eksport etmegi goldaýar. Onda notalary arassa intonirlemek, ritmiki takyk ýerine ýetirilişi, wirtual sazandarlykly ýerine ýetirmek ýa-da wirtual ansamblyň düzümi, improwizasiýa öwrenmek we ş.m. işläp taýýarlanylýar. Finale we Smartmusic programmalary iş kompýuterleri bilen bir hatarda-da, planşet görnüşinde hem ulanyp bolar.
Finale programmasynda aýratyn gyzyklanma bu programmany özleşdirmekde belli bir kynçylyk ýüze çykýar. Meselem, hakykatdan hem, meselem Avid Technology kompaniýasynyň işläp düzen nota redaktory Sibelius programmasy bilen deňeşdireniňde, Finale programmasy gaty içgin interfeýs däl. Bu programmany aňsatlyk bilen özleşdirmek hiç kime başartmaýamyka diýýäs. Programma üpjünçiliginiň iň soňky wersiýalarynda birnäçe warianty we interfeýsi ýönekeýleşdirmek üçin döredijileriň ähli tagallalaryna garamazdan, bu programmada işlemek öňünden taýýarlyk talap edýär. Şonuň üçin bu programma niýetlenen köp edebiýatlar taýýarlanyldy we taýýarlanmagyny dowam edýär.
Maýa Kulyýewa adyndaky
TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky
TDÝSM-niň “Sazyň taryhy we nazaryýeti”
bölüminiň mugallymy Aýdogdyýewa B.A.
Parahatçylygyň owazy-dünýäniň ala ýazy
Parahatçylygyň dünýä halklarynyň arasynda bahasyz gymmatlykdygy hemmä mälim bolsa gerek. Muny taryhyň müňýyllykly öwrümlerinde ençeme gan döküşikli pidaly söweşlerdir jeňler görkezdi. Emma şeýlekin ýowuz ýigitleriň, uruşdyr jeňleriň öňüni käbir ýöntem düşünjeleriň ýönekeý hasaplaýan, emma has belent hem mukaddes saz guralynyň üsti bilen hem çözülen ýerleride bardyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly paýhasa ýugrulan eserinde-de Şükür bagşynyň parahatçylyk sazy bilen ençeme gan döküşikli pidalaryň öňüni alyp, türkmen halkynyň beýik hem agzybirligi söýüji halkdygyny subut edişi dogrusynda, çuňňur beýan edilýär. Ýene-de Gahryman arkadagymyzyň şol parasatly kitabynda: “Parahat we agzybir durmuşyň gözbaşy köňlüň bitewüligindedir. Parahatçylyk söýüjiliklitaglymat bolsa türkmen rdrbiýatynyň, sazynyň gözbaşlaryndan gaýdyp, tereňlik bilen nepesini durlaýar. Ýaşaýşyň süýjiligi parahatçylykda. Halkymyzyň gulagy dynçlyk, rahatlyk, arzuwlarynyň gözbaşy – Zeminiň parahat ýaşaýşy hakyndaky arzuwlarydyr” diýip belläp geçýär. [8,217]
Elbet-de bu eseriň ähmiýeti dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrmakda juda uludyr. Aslynda türkmen milleti aýdym-sazy, toý-dabarany söýýän halkdyr. Şol nukdaýnazardan ata-Watanymyz toý-baramlaryň, halkara medeni çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu zatlaryň gözbaşynda-da biz her bir ulgamda nusgalyk mekdep, beýik halypa bolup duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz dur. Garaşsyz hem-de baky Bitarap ata-Watanymyz sebitde we dünýäde halkara parahatçylygy wagyz ediji döwlet bolup, Ýer ýüzünde nusgalyk basgançaklary amala aşyrýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde gojaman Köpetdagyň eteginde “Magtymguly Pyragynyň medeni seýilgäh toplumynyň” açylmagy hem-de bu ýerde ýigrimidört sany döwletiň döredijilige ykbal baglap, şygryýetiň üsti bilen halklary parahatçylyga çagyrýan ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň oturdylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Indi bu döwrebap seýilgäh toplumy dünýä ýurtlarynyň döredijilige hormat goýýan adamlarynyň ýygy-ýygydan gelýän ýerine öwrüldi. Nesip bolsa mundan beýläk hem bu ajaýyp döwrebap seýilgäh toplumynda dost-doganlyk halklaryň medeniýet günleri yzygiderli uly dabara bilen geçirler. Ýene aýratyn bellemeli zatlarmyzyň biri 2024-nji ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde TÜRKSOÝA-agza döwletleriň halkara kinofestiwalynyň geçirilmegi bu halkara festiwalda-da, dost-doganlyk ýurtlaryň bilelikde düşüren kinofilmleriniň tomaşaçylar köpçüligine görkezilmegi şol ýerde türkmen we daşary ýurt filmlerinden halkyň hakydasynda galan aýdymlaryň ýaňlanmagy, emin agzalar tarapyndan ýokary derejeli baýraklara mynasyp bolmagy parahatçylykly ýörelgeleriň “ajaýyp miwesidir. Şol halkara kinofestiwal Türkmenistan bilen dost-doganlyk ýurtlaryň gatnaşyklarynyň barha berkeýändiginiň, sungatyň halklary ýakynlaşdyrýandygynyň aýdyň nyşany bolup şuglalanýar. Şeýle ajaýyp Watanymyzda baýramçylyga beslenen medeni çäreleri, dost-doganlyk festiwallarynyň ýyzygiderli geçirilmegine uly mümkinçilikleri döredipberýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar. Ynha şu ýyl hem Türkmenistan başlangyjy bilen bir öz ata-Watanymyzda däl bütin dünýä ýüzinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip yglan edildi. Şol mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň şu şanly ýylymyzyň şygaryna bagyşlan “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly parasatly şygry hem ähli kalplaryň ýürek buýsanjyna öwrülip, joşgunly dillerde aýdym bolup ýaňlanýar. Elbet-de Milli Liderimiziň bu ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, bütin Ýer ýüzünde parahatçylyk ýörelgeleriniň gerimini giňeltmek, halklaryň dostlugyny ýene-de uzak müňýyllyklara dowam etdirmekde, bu ajaýyp şygyrlar islendik ynsana uly mekdep bolup hyzmat etjekdigi şübhesizdir. Dünýä halklary bilen aýdym-saz, döredijilik baglanşygy hasda pugtalandyrylsa Watanymyzyň üstünlikleriniň çawy giň äleme dolar. Baky bagty dünýä nusgalyk gül Diýarymyzyň eşretli günleri ak ertirlere dowamat bolup, erkana Watanymyzda dost-doganlyk halklarynyň bagt mukamy şanly ýaňlanar. Türkmen halkynyň gadymyýetden bäri gözüniň görejine deňän, Şükür bagşynyň parahatçylykly ýeňişi gazanan saýrak dutary hem, şol şanly toý-dabaralaryň bezegine öwrülsin. Biz bagtyýar türkmen halkyna sowulmaz eşreti peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem parasatly başlary aman, janlary sag, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ähli tutumly işleri hemişe şanly üstünliklere, belent rowaçlyklara ýaran bolsun.
Ogulmaral DURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň
1-nji ýyl talyby.
“Parahatçylygyň dabaraly tanslary”
Gahryman arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhammedow: “Parahat Ýaşaýyşda sungatyň ajaýyp gözelligi duýulýar. Ol gözelik adamlara dünýäniň iň arzyly nygmatlaryndan paý eçilýär. Men öz halkymyň geljekde hem şonuň hümmetinden paýly bolmagyny isleýärin”
Diýarymyz garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap dünýäniň ähli döwletleri bilen diňe özara bähbitli ganaşyklary ýola goýmak bilen çäklenmän ilkinji nobatda, şol hyzmatdaşlygyň dostlykly hemde umumadamzat derejesinde peýdaly bolmaly ugrundaky tagallalara ýugurlan hamyrmaýasydyr,ösüşiň kämilligiň aýdyň ýoluny şöhlelendirýän taglymatdyr.
Mälim bolşy ýaly, her bir milletiň özüne mahsus medeniýeti, baý medeni mirasy , milliligi bar. Dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe bolan tans sungaty hem benllenmäge mynasypdyr. Tans sungaty her bir milletiň medeniýetini ,milliligini alamatlandyrýar.Bu sungat wagtyň geçmegi bilen döwrebaplaşdyrylyp barha kämilleşdirilipdir.Häzirli wagtda ençeme tans sungaty bolup ,olar islendik adama ruhy lezzet paýlaýar.
Ýurdumyzda ösüp gelýän ,Watanymyzyň geljegi bolan biz ýaş nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy üçin kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen ak mekdepler , ýokary okuw jaýlary gurlup ulanylmaga berilýär.Eziz ata Watanymyzyň Aşgabat şäherindäki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet Ýörite Sazçylyk mekdebinde ,,Parahatçylygyň dabaraly tanslary’’ atly okuw usuly onlaýn maslahaty 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirildi. Bu örän gyzykly boldy. Ýatdan çykmajak günleriň biri boldy.
Biziň okuw jaýymyza onlaýn maslahata gatnaşmak üçin Ahal welaýat Ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary hem-de talyplary geldiler.Taryhy tans sungaty barada çykyş ýerine ýetirdiler.Bu çykyş örän şowly boldy. Şeýle hem M. Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Ýorite sazçylyk mekdep internatynyň mugallymy we okuwçysy ,,Halk sahna tansynyň ähmiýeti’’ barada gürrüň berdiler hem-de tans ýerine ýetirdiler.
Horeografiýa bölüminde ýakyndan aragatnaşyk saklaýan halypalarymyz , mugallymlarymyz, deň-duş talyplarymyz bar. Sungat tansçyny bir ýa-da birnäçe adam bilen däl ,eýsem, tutuş tomaşaçy halk bilen aragatnaşyk saklaýar, halka ýakyn bolýar. Bu ugurda maňa Pursiýanowa N.H ,Hummaýowa G.Ý, Mergenowa I.A ,Gurbanowa N.Ç , Ýomudowa Ş.M ,Haýtekowa J.H ,Babaýewa F.B , Hajyýew I.R , ýaly ussat halypa mugallymlar ýol görkeziji , deň-duş talyplarymyz bolsa ýoldaş bolýarlar. Türkmen Döwlet Ýörite sazçylyk mekdebimiziň ,,Horeografiýa sungaty ‘’ bölüminiň halypa mugallymy Türkmenistanyň ,,Gaýrat we Watana bolan söýgüsi’’ medalynyň eýesi Mergenowa I.A ,, Nusgawy tans ‘’ dersinden II ýyl talyplary bilen we Pursiýanowa N.H “ Nusgawy tansy” dersinde III ýyl talyplary bilen ussatlyk sapagyna syn etdiler. Hemmeler biziň geçen sapagymyzy haladylar “Horeografiýa sungaty” beden we saz sungatynyň sazlaşyp birleşmeginde emele gelip , owadanlygynyň , ýumşaklygynyň, bedeniň sazlaşykly hereketinden gelip çykýan täsin bir sungatydyr.
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag Şäher Ýörite sungat mekdebiniň bölüm müdiri Hapyzowa G.Ý “Türkmen milli tanslary- Bagtyýarlyk döwrüniň waspy” atly çykyşy onlaýn görnüşde geçirildi we şowly tamamlaandy. Türkmen Milli tanslary baý medeni mirasymyzyň özboluşly bir bölegidir. Aslynda tans sungaty ilkidurmuş jemgyýetinden dörändir. Küşdepdi tansy eziz Diýarymyzda dabarasy uludan tutulýan baýramlarymyz bezegidir. Bu tans 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Gözbaşyny gadymdan alýan bu tans sungaty halkymyzyň milli gymmatlygydyr.
Wagtyň okgunly hereketi gadymy däp-dessurlaryň täze keşbe eýe bolmagyna getirýär. Tans sungaty hem gadymyýetden gözbaş alyp , häzirki zaman äheňleri özboluşly sazlaşygy , özgertmeleri başdan geçirýär. “Parahatçylygyň dabaraly tanslary” atly geçirilen maslahata ýurdumyzyň Balkan, Mary, Daşoguz , Lebap welaýatlary onlaýn görnüşde çykyş etdiler. Onlaýn geçirilen bu masllahatda ýerine ýetirilen ähli çykyşlara täze öwüşgin berlip , täze keşbe eýe bolmak bilen ösdürilýär, şol bir wagtyň özünde hem ruhy mirasyň baý däp-dessurlaryny ňzünde saklap gelipdir. Tans sungaty Türkmenistanyň ähli ýerlerinde giňden ýaýrap , olaryň ýerine ýetiriliş aýratynlyklary her welaýatda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly üstünlikler gazanylýar , belent sepgitlere ýetilýär. Goý Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag , ömri uzak ,il ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!
Elwan Garryýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Horeografiýa sungaty” bölüminiň III ýyl talyby
Türkmenistanyň saz sungatyny öwrenmekde sazşynaslarynyň goşandy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhas ýörelgeleri esasynda bilim pudagyna örän möhüm orun degişlidir. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň özünde sazşynaslary taýýarlamakda orny uludyr, bu elbetde Türkmenistanyň saz biliminiň ösmegine we üstünlikler gazanmagyna itergi berýär. Häzirki günde türkmen sazşynaslyk mekdebi birnäçe nesilleri özünde jemleýär.
Garaşsyzlyk döwründe türkmen sazşynaslygy yzygiderli ösdürilip, döredijilik gözlegleri köp görnüşli temalylygy bilen tapawutlanýar. Bu döwürde alnyp barylan işleriň aglaba böleginde ylmy barlaglaryň esasy ugurlary halk sazlaryny ýazga geçirmek we öwrenmek hem-de kompozitorlaryň döredijiligini derňemek bilen baglanyşykly.
Türkmenistanyň saz medeniýetiniň ösüşinde kompozitorçylyk döredijiliginiň ösüşi saz öwrenijileriň öňünde möhüm wezipeleri goýup, bu çözgütler ýurdumyzyň sazşynaslarynyň paýyna düşýär. Şeýlelikde konserwatoriýanyň “Sazyň taryhy” we “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň ençeme saz öwreniji-mugallymlarynyň gollanmalary çap edilýär. Olarda türkmen saz medeniýetiniň täsirli ösüşi jemlenendir. Ylmy gözlegler milli kompozitorlaryň döredijiligine we halk sazy, dutar sazlaryna bagyşlanýar. Onuň çözgüdi bolup birnäçe sazşynaslaryň taýýarlan saz folkloryna degişli nota ýazgylary ( dutar pýesalarynyň nota geçirilmeleri) we kompozitorlaryň eserleri, olaryň birnäçesi ilkinji gezek çap edilýär. Bu çap edilen nota gollanmalary, ýagny O.I.Dadaşewanyň “Türkmenistanyň kompozitorlarynyň döredijiliginde kamera instrumental sazlary”, Ý.P.Osipowanyň “Orta Aziýa we Gazagystanyň kompozitorlarynyň döredijiliginde Ikinji Jahan urşy”, G.Ýazmämmedowanyň “Aşyr Kulyýew”, J.Gurbanowanyň “Daňatar Öwezow”, “Nury Halmämmedow”, “Weli Muhadow” işlerini agzap geçmek bolar. Şeýle-de, ýokary ussatlyk derejesinde taýýarlanylyp we çap edilen türkmen dutar pýesalary (çapa taýýarlan Maýa Kulyýewa adyndaky Türmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Ý.Rejepow) degişlidir.
Häzirki döwürde orta we ýokary okuw mekdepleri üçin taýýarlanan okuw gollanmalary we okuw kitaplary hem abraýly işleriň hatarynda bellemek ýerliklidir. Şu günki günlerimize çenli çap edilen kitaplaryň hatarynda S.Tüýliýewiň “Sazyň teoriýasynyň esaslary” (2008-nji ýylda 1-nji goýberilişi hem-de 2021-nji ýylda 2-nji goýberilişi) we “Türkmen sazynyň teoriýasy” (2012-nji ýylda, III kitap), J.Gurbanowanyň we B.Ýakubowanyň “Türkmen halk saz döredijiligi” (2009), L.Babaýewanyň we M.Gurbanowyň “Gündogar halklarynyň saz taryhy” (2010), G.Ýazmämmedowanyň “Saz edebiýaty” (2011), “Türkmenistanyň kompozitorlary” (2018), şeýle hem, “Saz eserleriniň derňewi” hem-de “Türkmen kompozitorlarynyň eserleriniň derňewi” diýen (Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň awtorlar topary tarapyndan taýýarlanan) ýaly işleri görkezmek bolýar. 2021-nji ýylda awtorlar topary tarapyndan ýazylyp “Dünýä saz medeniýeti” (I tom) we “Türkmenistanyň kompozitorlarynyň döredijiligi” (II tom) atly okuw kitaplary ilkinji gezek Türkmen döwlet neşirýat gullugynda neşire taýýarlanylyp çykaryldy.
Garaşsyzlyk döwründe çap edilen monografiýalaryň arasynda J.Gurbanowanyň “Nury Halmämmedow”, M. Gapurowyň “Türkmen saz folklory”, A.Saparowyň “Mylly Täçmyradow”, B.Ýakubowanyň “Türkmen saz sungatynda Mollanepesiň döredijiligi” hem-de “Maýa Kulyýewanyň döredijiligi” ýaly işleri bellemek zerurdyr. Şeýle hem, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary M.Kerimow, S.Baýryýewa, M.Jumaýewa tarapyndan “Türkmen saz biliminiň binýady” atly kitaby çap edildi.
W.Uspenskiý we W.Belýaýewiň “Туркменская музыка” atly kitaby ilkinji gezek türkmen dilinde neşir edilip, Suhan Tüýliýew oňa ylmy redaktorlygyny etdi.
Garaşsyzlyk döwründe sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesini almaklyk bilen R.Amangeldiýewiň “Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde sonata formasy”, J.Gurbanowanyň “Nury Halmämmedowyň döredijiliginde milli we ýewropa däpleri”, A.Açylowyň “Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde çagalar üçin saz eserleri” ýaly dissertasiýalar goralyp, ylmy işleri ýokary baha mynasyp boldy. Şeýle-de, mugallymlar B.Ýakubowanyň, M.Gurbanowyň, R.Muhammedowyň, G.Magtymgulyýewanyň goraga taýýarlanylyp tabşyrylan dissertasiýa işlerini görkezmek ýerliklidir.
Türkmenistanyň saz sungatyny öwrenmekde sazşynaslaryň goşandy uludyr. Olar ýurdumyzdaky ylmy we ylmy-populýar žurnallarynyň sahypalarynda hem-de biziň ýurdumyzdan daşary ýurtlarynda çap edilýän neşirlerde ylmy makalalar toplumlarynda ýygy-ýygydan milli saz sungatymyza degişli dürli meselelerine ýüzlenip çykyş edýärler. Ýurdumyzyň saz durmuşynyň wakalarynyň aglaba bölegi sazşynaslaryň kömegi bilen metbugat sahypalarynda belli bir derejede açylyp görkezilýär.
Garaşsyzlyk döwründe ýerine ýetirilen işler önjeýlidir, ýöne edilmeli işler hem kändir. Bu edilen döwrebap işleriň ähmiýetine düşünmek üçin birnäçe wagt gerekdir. Elbetde bu iş prosesini ýüze çykarmakda sazşynaslara uly orun degişlidir. Şol bir wagtda dünýä saz medeniýetini öwrenmek hem bize türkmen saz mirasynyň özboluşlylygyny we onuň gaýtalanmajak derejesini kesgitlemäge mümkinçilik döredýär.
Taýýarlan: “Sazyň taryhy we nazaryýeti”
bölüminiň III ýyl talyby Umida Saparowa