Türkmen milli saz gurallary bölümi
Türkmen milli saz gurallary bölümi sazçylyk mekdebiniň açylany bäri resmi ýagdaýda bolup işe girişip başlady.Türkmen milli saz gurallary bölüminde dutar, gyjak, gargy we dilli tüýdük, plektrli dutar, kanun, ud, baglama, çeň, bas dutar saz gurallary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Okuwyň möhleti 3 ýyl 10 aýdan ybarat.
Hünäri boýunça döwletimiziň çagalar aýdym-saz toparlarynda, etrap, şäher, welaýat medeniýet edaralarynda, çagalar sazçylyk, sungat mekdeplerinde, aýdym-saz döredijilik toparlarynda, sungat we bilim ulgamynda medeni dynç-alyş edaralarynda we ýurdumyzyň medeni-köpçülik çärelerini guramak, bagşa sazandarlyk etmek, orkestr toparynyň ýolbaşçysy we dirižýory, sazandasy, ýekelikde ýerine ýetirijilik sungaty boýunça çykyş etmek işlerinde işlemek üçin taýýarlanylýar.
Bölümiň uçurymlaryna orkestriň artisti, orkestriň ýolbaşçysy, çagalar sazçylyk, sungat mekdepleriniň mugallymy käri berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra çagalar sazçylyk, sungat we umumy bilim berýän mekdeplerinde gurnalýan aýdym-saz döredijilik toparlarynda, Medeniýet ulgamyna degişli bolan edaralarynda hereket edýän milli saz gurallary orkestrlerinde we ansambllarynda işlemek, ýurdumyzyň medeni-köpçülik çärelerini guramak, ýerine ýetirijilik sungaty boýunça çykyş etmek hukugy berilýär.