“Talyp Gözeli - 2025” – gözellik bäsleşigi

“Talyp Gözeli - 2025” – gözellik bäsleşigi
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly şygar astynda bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyzyň her bir güni toý baýramlara beslenýär. 8-nji mart "Halkara zenanlar güni" mynasybetli baýramçylygyň öňüsyrasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň arasynda “Talyp Gözeli – 2025” gözellik bäsleşigi uly şowhunly geçirildi.
Bäsleşige mekdebimiziň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň talyby Tursungulyýewa Saýida, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň talyby Bähbidowa Mähri, “Fortepiano” bölüminiň talyby Jumaniýazowa Annagül, “Sazyň taryhy we nazarýeti” bölüminiň talyby Mädalyýewa Leýli, “Horeografiýa sungaty” bölüminiň talyby Pirnepesowa Şabibi, “Saz mugallymçylygy we Hor dirižýorlygy” bölüminiň talyby Döwletowa Aksoltan, “Aýdym aýtmak sugaty” bölüminiň talyby Hudaýberenowa Bägül, “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň talyby Ýulmatowa Bilbil, “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň talyby Orazowa Merjen üstünlikli çykyşlary bilen gatnaşdylar.
Bäsleşigiň emin agzalary – okuw jaýymyzyň Zenanlar guramasynyň başlygy Annaberdiýewa Nurana, okuw işler boýunça direktoryň orunbasary Baýramow Serdar, mekdebimiziň Ýaşlar guramasynyň başlygy Nazarow Han, mekdebimiziň kitaphana müdiri Maýsa Nuryýewa, umumy ynsanperwer we durmuş ykdysady dersler bölüm müdiri Amangulyýewa Enejan.
Bäsleşigimiziň ilkinji şerti salamlaşmak bolup talyp gyzlar “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda gazanylýan üstünlikleri, ösüşleri iňlis, rus, fransuz, ispan, gazak, özbek dillerde wasp etdiler. Talyp gyzlaryň ählisi aýdym we saz bilen utgaşdyryp, öz çykyşlaryny tans we kompozisiýa bilen bezediler. Türkmen zenanlaryň ruhy aň-paýhas we ahlak häsiýetleri, durmuş meselelerini çözmekde, milli däp-dessurlary saklamakda hem-de sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmekde uly goldaw berýän Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly aladalaryny duýup ýaşaýandyklaryny joşgunly aýdymlarynda wasp etdiler.
Şowhun bilen badalga alan bäsleşigiň ikinji şertinde bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp türkmen milli tagamy bolan böregi bükmek we işdäaçar taýýarlamakdan ybarat bolup, bu şertiň esasy maksady türkmen gyz-gelinlerimiziň çeperligini, maksada okgunlylygyny, saçak bezemekde türkmeniň däp-dessurlarynyň ýerine ýetirilişinde öz ukyplaryny ýüze çykarmakdan ybarat. Talyp gyzlar Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitaby her bir türkmen aşhanasynynyň iň söýgüli eserleriniň hatarynda durýanyny aýdyp, türkmen saçagy- abadançylygyň we myhmansöýerligiň nyşanydygyny aýtdylar. Emin agzalar türkmen tagamlary, olaryň taýýarlanyşyň özboluşly usullary bilen tanyşdyrýan bu kitap ýaş nesillerimiziň milli mirasymyzy içgin öwrenmekleri üçin hem ähmiýetli orna eýedigni belläp geçdiler.
“Hünärim bar – hormatym bar” atly üçinji şertinde bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar özüniň zehini, ussatlygyny we ukybyny alaja örmek, jorap örmek, keşde çekmek arkaly açyp görkezmekden ybarat bolup geçmiş bilen geljegiň, däp-dessurlar bilen arabaglanyşygy aýdyňlygy bilen şöhlelendirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň Käbesi Ogulabat ejäniň öz eli bien sünnäläp işläp beren kürtesiniň muzeý gymmatlyklarynyň hataryna goşulmagy hem talyp gyzlar üçin görelde bolup durýandygyny aýtdylar. Mundan başga-da, “Ogulabat ejäniň ussatlyk bilen ören joraby hem gelin-gyzlarymyz üçin işşeňňirligiň nyşanydyr” diýip emin agzalar biragyzdan aýtdylar. Keşde çekmek, jorap örmek, alaja sungaty gadymy milli amaly haşam sungaty menziller aşyp, eneden gyza geçip biziň günlerimize ýetip gelenligini aýtdylar. Talyplar sahnada ökdelik bile keşde çekip, ýüň jorap örmekde özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Talyp gyzlarmyzyň el hünäriniň aýratyn görnüşleri alaja örmek, jähek çalmak, aldymgaç kakmak başarjaňy bilen hem tapawutlandylar. Özleriniň başarnygyny ussatlyk bilen görkezen talyp gyzlaryň - el işi sungaty türkmen gyz-gelinleriň ganynda bardygyny görkezdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri GahrymanArkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň asylly kärini ýaş nesiller giňişleýin wagyz-nesihat etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Bäsleşige gatnaşan ähli talyp gyzlar üstinlikli çykyş edip, has tapawutly çykyş edenleri baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň baş emini Annaberdiýewa Nurana we eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, bäsleşigiň baş baýragy 1-nji oruna “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň talyby Orazowa Merjen, 2-nji orna “Kirişli saz gurallary” bölüminiň talyby Tursungulyýewa Saýida, 3-nji orna “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň talyby Ýulmatowa Bilbil mynasyp boldy. Ýeňijilere Ýaşlar guramasy tarapyndan Hormat hatlar, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

,,Kirişli saz gurallary’’ bölüminiň mugallymy Toýlyýewa Dünýägözel

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219