Hasabat konserti

Hasabat konserti
Ata-Watanymyz Türkmenistanda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen ýaşlarynyň okamagy, öwrenmegi, döretmegi, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilip berilmegi diýseň buýsandyryjydyr.  Ýaşlaryň öz saýlap alan hünärleriniň ussady bolmaklary üçin olaryň hünär mugallymlary hem  okuw ýylynyň dowamynda dürlitaraplaýyn döwrebap bilim bermekde öňde goýan wezipelerine ýetmäge çemeleşýärler. Elbetde, sazanda üçin sahnada çykyş etmek iň bir wajyp işleriň biri bolup durýar. Sahnada çykyş etmek üçin bolsa konsert meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek maksat edinilýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde her okuw ýylynyň ahyrynda ähli bölümleriň hasabat konsertini şeýle hem, mekdebiň hasabat konsertini bermek aýratyn bir däbe öwrüldi. Hasabat konsertinde okuw ýylynyň dowamynda öwrenilen saz eserleri, talyplaryň ele alan ukyp-başarnyklary, sahnada ýekelikde we toparlaýyn çykyş etmekde toplan tejribeleriniň netijeleri aýdyň görünýär. Hasabat konserti her bir okaýan talyp üçin ähmiýetli bolup, konsertde talyplar öz başarjaňlyklaryny, ýerine ýetirijilik ukyplaryny görkäzmäge çalyşýarlar. Ine, şular ýaly konsertleriň biri hem 2025-nji ýylyň maý aýynyň 15-ne mekdebiň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölümi tarapyndan gurnaldy. Konserte mekdebiň ähli talypdyr mugallymlary bilen bir hatarda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymlary hem tomaşaçy hökmünde gatnaşdylar. “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň mugallymlary öz talyplarynyň üstünlikli çykyş etmekleri üçin irginsiz zähmet çekendikleri, olar bilen yzygiderli hünär türgenleşikleriniň geçirilendigi öz miwesini berdi. Talyplar Suwhanow Maksatnazar, Durdyýewa Enegül, Ataýew Allanur, Baýarow Umyt, Agaýewa Aýnur, Serdarow Merdan öz ýerine ýetirijilik başarnyklaryny aýdyň görkezmegi başardylar we tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Konsertde türkmen kompozitorlarynyň döredijiligi bilen bir hatarda daşary ýurt kompozitorlarynyň saz eserleri hem belentden ýaňlandy. Türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip beren Milli Liderimize, Hormatly Prezidentimize köp-köp alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
 ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky 
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
 “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” 
bölüminiň müdiri Süleýman Gurbanow   

Paýlaş

21/05/2025

Hasabat konserti

Hasabat konsertiAta-Watanymyz Türkmenistanda Hormatly Prezidentimiziň taý

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219