Bagtyýarlyk owazlary


Bagtyýarlyk owazlary
          
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli döredijilik konserti geçirildi. 
Konsert kompozitor R.Rejebowyň “Türkmenistanym” sazy bilen açyldy. Ony mekdebiň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestri ýerine ýetirdi. Soňra kompozitor N.Halmämmedowyň “Haýrana galar” aýdymy ýaňlandy. Akkordeonçylar ansamblynyň ýerine ýetirmeginde A.Dworžagyň “Slawýan tansy” eseri hem täsirli boldy.
Halk saz gurallary orkestriniň hem-de tansçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde kompozitor Daňatar Öwezowyň “Baýramçylyk tansy” sazy uly joşgun bilen ýaňlandy. “Ýylgaýlar” halk sazy hem şu orkestr tarapyndan ýerine ýetirildi. “Görogly” şadessanyndan “Demir donly” atly aýdyşyk aýdymy bagşyçylyk sungaty bölüminiň talyplary O.Baýryýewa hem-de A.Agaýew aýtdylar. M.Jumaýewiň dirižýorlyk etmeginde estrada instrumental ansambly kompozitor R.Mariýanyň “Tokkata”, mugallym B.Çerkezowyň döreden “Bagtyýarlyk söýgüsi” aýdymyny B.Çerkezow we A.Gylyjowa ýerine ýetirdiler. 
Konsertde mugallym S.Pürsiýewiň ýolbaşçylygyndaky dutarçylar toparynyň “Zybagözel” atly halk sazy, mekdebiň hor toparynyň ýerine ýetiren “Kyrk baharyň gülleri” aýdymy, şeýle-de kompozitor E.Morrikoneniň “Gabriel oboý”, W.A.Mosartyň “Jadyly fleýta” operasyndan Popageniň dueti, P.I.Çaýkowskiniň “Şelkunçik” baletinden “Trepak” eserleri ýaňlandy.  
Konsertiň dowamynda “Çandybil” deprekçiler topary “Dost-doganlyk sazlary” saz çemenini, simfonik orkestr kompozitor M.Annamyradowyň “Beýik Galkynyşyň joşguny” atly uwertýurasyny ýerine ýetirdi. Konsert kompozitor N.Hojamuhammedowyň solist, hor we simfonik orkestr üçin ýazylan “Türkmen binasy” eseri bilen jemlendi.  


   

Hanguly ÖWEZOW 
Maýa Kulyýewa adyndaky  Türkmen milli konserwatoriýasynyň  ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky                  
Türkmen döwlet ýörite  sazçylyk  
mekdebiniň  mugallymy

Paýlaş

21/05/2025

Hasabat konserti

Hasabat konsertiAta-Watanymyz Türkmenistanda Hormatly Prezidentimiziň taý

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219