Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Kamera orkestriň döredijilik konserti
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Kamera orkestriň döredijilik konserti
Berkarar Döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara Parahatçylyk we yanyşmak ýylynda” her bir günümiz toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Asuda ata-watanymyzda taryhy wakalar ösüşler, özgerişler barha bat alýar. Şunuň ýaly döwletli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda ýaşlara bilim bermek olary öz okaýan hünärlerinde has-da höweslendirmek, sungatymyzyň we medeniýetimiziň gülläp ösmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri saýasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebi Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli gurnalan döredijilik konserti bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde we Türkmen Döwlet medeniýet we Sungat mekdebinde çykyş etdi. Konsertde mekdebimiziň Kamera orkestri özüniň baýramçylyk meýilnamasy bilen çykyş edip, orkestriň dirižýory Eziz Jumanyýazow ýerine ýetirilen aýdym-saz eserlerine duýgy we duýgurlyk berip, tomaşaçylary baýramçylyk ruhuna aralaşdyrdy.
Konsertiň başynda Nury Halmämmedowyň “Şükür bagşy” kinofilminden “Şüküriň galopy” ýaňlandy. Mekdebimiziň mugallymy Begdurdy Çerkezow Nury Hojamuhammedowyň “Saýathan” operasyndan Hemranyň aýdymyny, Nury Halmämmedowyň “Keçpelek” kinofilmden “Keçpelek” we “Duran ýerleri”, ýaş kompozitor Yhlas Artykowyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine döreden “Aýryldym” diýen aýdymlaryny ýerine ýetirdi.
Orazgeldi Berdiýewiň “Ýatla meni” aýdymyny mekdebimiziň III ýyl talyby Kemal Möwlämberdiýew ýerine ýetirdi. Ol konsertiň dowamynda Döwletgeldi Ökdirowyň “Gyratym” diýen aýdymyny ökdelik bilen ýerine ýetirdi.
Konsertiň dowamynda aýdym-sazy aç-açan düşündirip başarýanlygy bilen tanalýan ýurdumyzyň görnükli kompozitorlarynyň biri bolan Röwşen Nepesowyň “Söýgi bägülleri” diýen çuňňur emosional eseri ýaňlandy. Kompozitoryň bu sazy üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary hem kirişli saz gurallary bilen bilelike utgaşyp, ýüregiň inçe tarlaryna degýän şeýle näzik tema emele getirýär. Öz gezeginde orkestriň ýolbaşçysy Eziz Jumanyýazow bu sazda dinamiki we emosional geçişleri döredip tomaşaçylaryň ruhyny göterdi. Konsertiň dowamynda Röwşen Nepesowyň döretmeginde “Gutlag walsy” eseri hem ýaňlandy.
Türkiýe Döwletiniň kinofilmlerinden sazlaryny nepislik bilen kamera orkestri ýerine ýetirip, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Mekdebimiziň kamera orkestriniň ýolbaşçysy Eziz Jumanyýazow ökdelik bilen tomaşaçylara aýdymdyr sazlaryň häsiýetini çuňňur berip başardy. Eziz Jumanyýazow döredijilik mümkinçilikleriniň aňyrsyna ýetmek üçin sazandalar bilen netijeli işleýän dirižýor hökmünde tanalýar. Konsertiň ahyrynda çykyş edenlere gül desseleri gowşuryldy.
Maýa Kulyýewa ayndaky Türkmen milli Konserwatoriýanyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Dünýägözel Toýlyýewa