Sazanda ýaşlar hünäre ugrukdyrylýar

Sazanda ýaşlar hünäre ugrukdyrylýar
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi özüniň ýörite Guramaçylyk iş topary bilen Aşgabat şäheriniň çagalar sungat mekdeplerinde okaýan sazanda okuwçylaryň arasynda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak boýunça yzygiderli işleri alyp bardylar. Guramaçylyk iş toparynyň agzalary çagalar sungat mekdeplerine aýlanyp Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi, häzirki wagtda öwredilýän hünärler, mekdepde hereket edýän aýdym-saz döredijilik toparlary bolan ansambllar, orkestrler, tans we aýdymçylar, şeýle hem, hor toparlary bilen tanyşdyrdylar. Bu tanyşdyrylşyklar mekdep hakyndaky wideorolikleriň üsti bilen has-da aýdyň görkezildi. Mekdebiň mugallymlary Sähra Baýryýewa, Guwanç Ataýew, Myrat Jumaýew, Gadam Jumagulyýew dagylar türkmen saz bilimini ýaşlara öwretmekde alyp barýan işleri dogursynda gyzykly gürrüň berip, okuwçylar we olaryň ene-atalary, hünär mugallymlary bilen täsirli  söhbetdeşlikleri gurnamak, ýörite taýýarlanan bukletleri paýlamak arkaly mekdebimize okuwa çagyrdylar. Saz sungatyna hyjuwly çagalaryň arasynda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň orkestrlerine, ansambllaryna gatnamaga, aýdym aýtmaga höwes edýänleri mugallymlar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Soňra çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylaryna mekdebiň talyplary tarapyndan taýýarlanan konsert meýilnamasyna tomaşa edilip, konsertde çykyş etmäge höwes bildirýän okuwçylaryň hem saz eserleri ýerine ýetirilip, olaryň ukyp-başarnyklaryna halypa mugallymlar syn berdiler hem-de gelejekde biziň sazanda ýaş nesillerimiziň türkmen saz sungatyny ösdürmäge goşant goşjakdyklaryna uly ynam bildirdiler. Şular ýaly ýakymly duşuşyklaryň sany köp bolsun! Ýaş nesillerimizi terbiýelemek we olary öz saýlap alan hünäriniň kämil eýeleri edip ýetişdirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän  medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. 


Abdylla Mämmedow
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky 
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy 

Paýlaş

21/05/2025

Hasabat konserti

Hasabat konsertiAta-Watanymyz Türkmenistanda Hormatly Prezidentimiziň taý

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219