Merjen şäher, gözel şäher, bagt şäher!
Merjen şäher, gözel şäher, bagt şäher!
Gözelligiň gaýtalanmajak nusgasy, görenleri haýrana goýýan, ýürekleri joşurup heýjana getirýän ak şäherimiz Aşgabat bu gün ajaýyplygy bilen dünýäde giňden tanalýar. Aşgabat diňe bir gözelligiň we ajaýyplygyň däl, eýsem bagtyýarlygyň hem merjen şäheridir. Şäherimiz çaga kalbynyň päkligi ýaly arassalygy, ýagtylygy, suw çüwdirimli seýilgähleri bilen garşy alýan bagtyň şäheridir.
Merjen şäherimiz Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýanyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebimizde hem “Kirişli saz gurallary” bölüminiň hasabat konserti geçdi. “Kirişli saz gurallary” bölüminde skripka, alt, wiolonçel we kontrabas ýaly saz gurallary özünde jemleýär. Bölümimiziň iň görnükli talyplary we mugallymlary öz gezeginde berlen mümkinçilikden peýdalanyp dürli häsiýetli eserleri bilen çykyş etdiler. Ýazberdi Jepbarowyň, Mekan Öwezowyň, Dünýägözel Toýlyýewanyň, Elina Keworkowanyň we Aýna Kasymowanyň talyplary skripka saz guralynda dürli häsiýetli eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetirip görkezdiler.
Simfoniki orkestryň şasy bolan skripka-saz gurallaryň iň gadymy saz guraly bolup, ol bütin dünýäde giňden ýaýran we meşhurlyk gazanan kirişli saz guraldyr. Skripka saz äleminde öz ýiti we syrly sesi, çeýeligi, şeýle-de dürli medeniýetlerde we dürli žanrlarda ulanylşy bilen tapawutlanýar.
Alt saz guraly skripkadan tapawutlylykda has uzyn we has galyň kirişlere eýe bolup, aşaky, ýogyn sesleri çykarmaga mümkinçilik berýär. Wiolonçel saz guraly bilen deňeşdireşde, alt saz guraly has kiçi we has dar aralyga eýe bolup, partiýalary orta we ýokarky registrlerde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Aýlar Hojalekowanyň talyplary wiolonçel saz guralda türkmen we daşary ýurt kompozitorlaryň eserlerini ýerine ýetirdiler. Wiolonçel saz guraly diapazonynyň giňligi sebäpli meşhurlyk gazandy. Bu saz guralyň sesi basdan tenora çenli erkek adamyň sesi bilen gabat gelýänini bellemelidiris. Bu saz guralyň ses baýlygy we täsinligi ilkinji notalardan özüne çekýär.
Merdan Baýramowyň ýekelikde ussatlyk bilen ýerine ýetiren Dmitriý Şostakowiçiň “Adažio” eseri diňleýjilerde ýakymly täsir galdyrdy.
Begli Muhammedowyň talyby hem öz gezeginde kontrabas saz guralynda saz çaldy. Kontrabas simfoniki orkestrinde möhüm saz guraly bolup, beýleki “doganlarynyň” edip bilmeýän pes sesleri çykaryp bilýär. Sesiň dolulygyna, ähli diapazony gurşap alýar. Bu saz guraly uzyn boýuna dik durup çalmaly. Şeýle kynçylyklara garamazdan, bu saz guraly bas saz gurallarynyň iň täsirlisi bolup galýar.
Konsertde Aýgül Gowşutgulyýewa, Merjen Amanowa we Ogulgerek Dinç sazandarlyk etdiler,
Talyplaryň çykyşlarynda dürli medeniýetleri özara baýlaşdyryp, daşary ýurt kompozitorlar bilen bir hatarda türkmen kompozitorlaryň eserlerini hem ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen her bir eserde öz zehinlerini we ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Ýaş nesillerde döredijilik ukybyny höweslendirmek şeýle-de zehinli sazandalary ýüze çykarmak maksady bilen okuwumyzda dürli konsertler gurnalýar.
Konsertiň ahyrynda bölüm müdiri Muhammetdurdy Rahymow: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamynyň kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary, häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär” diýip, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, olaryň ylymda, bilimde we döredijilikde öz mümkinçiliklerini ulanyp bilmekleri üçin şertler döredip berýän, ýurdumyzy ösüşlere öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdy.
Maýa Kulyýewa ayndaky Türkmen milli Konserwatoriýanyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Dünýägözel Toýlyýewa