“Bitaraplyk simfoniýasy” Parahatlyk sazy
“Bitaraplyk simfoniýasy” Parahatlyk sazy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýetimiz, sungatymyz dünýä ýaýylyp ösüşiň täze belentliklerine göterilýär. Bu belent depginde ösýän eşretli, asuda asmanly ýurtda ýaşaýan döredijilik işgärleri belent sepgitlerden ruhlanyp özleriniň ylhamy bilen toýdur dabaralara eserleri bilen çykyş edýärler.
“Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” türkmen halky Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny dabralandyrýar. Ine şu gün hem Türkmenistanyň sungatda at gazanan medeniýet işgäri, pianist, dirižýor, kompozitor Röwşen Nepesow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy, mekdebimiziň simfoniki orkestriň dirižýory Eziz Jumanyýazow we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary bilen “Bitaraplyk simfoniýasy-Parahatlyk sazy” atly döredijilik duşuşygy boldy.
Duşuşygyň başynda ýurdumyzda öz işiniň ussady hökmünde tanalýan dirižýor Eziz Jumanyýazow “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” eşretli zamanany, bagtyýar durmuşy berkarar edip halkyna ýagty ertiri bagyş eden Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we çuňňur hormatlanýan mähriban Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdy. “Bitaraplyk simfoniýasy Parahatlyk sazy” atly döredijilik duşuşygy ilkinji bolup Arkadag şäherinde geçirilmegi diňe bir medeniýet taýdan däl, eýsem döwlet derejesinde hem uly ähmiýete eýe bolýanlygyny görkezýär.
Soňra söz nobaty Röwşen Nepesowa berildi. Röwşen Nepesow köpýyllyk döredijilik ýolunda diňe bir özüniň şahsy taryhyna däl, eýsem, Türkmenistan watanymyzy bütin dünýäde tanatmak maksady bilen dowamly iş alyp barýar. Duşuşykda ussat kompozitor talyplara özüniň gymmatly öwüt nesihatlaryny berdi. Talyplar Röwşen Nepesow bilen gyzykly sorag jogap alyşdylar. Röwşen Nepesow-meşhur döredijilik adamlaryndandyr. Ol diňe bir döwrebap ussat dirižýor bolman, eýsem hem döredijilik dünýäsiniň dürli ugurlarynda üstünlik gazanýan ýaşlarymyzyň öňdebaryjysy hökmünde hem tanalýar. Şu gün hem talyplara özüniň “Bitaraplyk simfoniýasy” atly çuň manyly eseri barada gürrüň berdi. “Bitaraplyk simfoniýasy” türkmen halkynyň bitaraplyk derejesine, onuň parahatçylykly, durnukly we özgertme ýörelgelerine bagyşlanan uly döredijilik işidir.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar “Bitaraplyk simfoniýasyny” diňlediler. Simfoniýa dört bölümden ybarat bolup gatnaşyjylardan el çarpyşmalary bilen garşylandy. Bu eseriň birinji bölümi türkmen tebigatyna mahsus gözelligi görkezýän peýzažly bölüm bolup durýar. Ikinji bölümi Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” kitabyndan ylham alnyp düzülen bölümidir. Üçünji bölüm “Bitaraplyk, Türkmen döwletiniň baş sütünleriniň biridir!” diýip atlandyrylan. “Bitaraplyk simfoniýasynyň dördünji bölümi “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan! diýip atlandyrylan.
Ussat pianist hökmünde tanalýan Röwşen Nepesowa saz çalyp bermegini uly hormat bilen haýyş etdiler. Mekdebiň içindäki roýal saz guralynyň sesiniň gaty gowylygyny belläp, kompozitor talyplara: “Siz bagtly zamanada ýaşaýaňyz” diýip talyplara öz halkymyzyň we Watanymyzyň ösüşine goşant goşmak üçin aňybaş şertler döredilip berilendigini belläp geçdi. Ussat-“Bagt guşy” kinofilmden “Ýagyşly gün”, soňra bolsa fortepiano saz guraly üçin döredilen “Elegiýa” sazlaryny ýerine ýetirdi. Duşuşygyň soňunda ýadygärlik surata düşdiler.
"Kirişli saz gurallary" bölüminiň mugallymy Toýlyýewa Dünýägözel Çaryýewna