“Bitaraplyk simfoniýasy” Bagtyýarlyk, Asudalyk sazy atly döredijilik duşuşygy.

“Bitaraplyk simfoniýasy” Bagtyýarlyk, Asudalyk sazy atly döredijilik duşuşygy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny halkara derejesinde giňden dabaralandyrylýar. Bu şanly senäniň  Turkmen halky üçin uly medeni we ruhy ähmiýeti bardyr. “Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga hem-de agzybirlige çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän işlermizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstinlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz dürs belleýär. Mähriban Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz özüniň baý taryhy mirasyna we milli ýörelgelerine daýanmak bilen medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, bütin adamzat üçin parahatçylygyň we durnukly ösüşiniň binýadyny berkitmäge mynasyp goşant goşýar. Medeni diplomatiýa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Medeniýet we sungat işgärleri hem bu senä özleriniň aýdymdyr sazlary bilen uly dabara bilen taýynlyk görýärler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebi öz gezeginde Bitaraplygyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk simfoniýasy Bagtyýarlyk, Asudalyk sazy” atly döredijilik duşuşygyny gurnady. Duşuşyk Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary, talyplary hem-de ýurdumyzyň tanymal kompozitory, pianinoçy, dirizýory Röwşen Nepesow bilen bilelikde geçirildi. Mekdebimiziň mugallymy, mekdebimiziň dirizýor Eziz Jumanyýazow duşuşygyň başynda medeniýet we sungat işgärlerine döretmäge, ýaşlarymyza öwrenmäge, tanymal adamlar bilen duşuşyklary gurnamaga berilýän mümkinçiliklere Gahryman we Mähriban Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdy. Eziz Jumanyýazow: Türkmen aýdym-saz mekdebiniň iň ajaýyp wekilleriniň biri we eserleri çuňlygy, emosional baýlygy we sazlaşygy bilen tapawutlanýan Röwşen Nepesow bilen söhbetdeş bolmagyň özi hem şatlykly wakalaryň biri. Röwşen Nepesow ýaş sazandalar bilen işjeň işleýär, tejribe we bilimleri bilen paýlaşýar, täze eserleri döretmäge we türkmen aýdym-saz däbini ösdürmäge ruhlandyrýar diýip belläp geçdi. Ajaýyp türkmen kompozitory Röwşen Nepesowyň eserleri diňe bir Türkmenistanyň baý medeni mirasyny görkezmän, eýsem milli aýdym-sazyň çäginden çykyp ähliumumy aýdym-saz şekillerini döredýär. Kompozitoryň täsirli eserleriniň biri “Bitaraplyk simfoniýasy” bolup, ol Türkmenistanyň sazçylyk-döredijilik taryhynda möhüm tapgyra-halkara arenasyndaky bitarap statusyna bagyşlanýar. Bu eser Röwşen Nepesowyň beýleki eserleri ýaly diňe bir kompozitoryň şahsy tejribelerini däl, eýsem halkyň köpçülikleýin aňyny, parahatçylyk, sazlaşyk we ösüş isleglerini hem beýan edýär. Duşuşygyň dowamynda talyplar kompozitora “Bitaraplyk simfoniýasy” barada birnäçe sorag berdiler. “Döredijilik adamy diňe bir aýdym-saz zehinine eýe bolman, eýsem ajaýyp akyl guramasy, hyýaly pikirleniş, medeniýete we durmuşa çuňňur düşünýän adam bolmalydyr. Mähriban Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gijesini gündiz edip, halkyň asuda, parahat watanda gülläp ýaşamagy üçin ähli alyp barýan işleri aýdyň mysal bolup durýar. Biz asuda asmanda bagtly ýaşaýarys. Baý medeniýetimizi ösdürmäge, dünýä ýaýmakda edilýän aladalary üçin Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. Goý Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, röwşen ömürleri uzak bolsun” diýdi. Duşuşygyň dowamynda “Bitaraplyk simfoniýasyny” diňlediler. Bu simfoniýa 4 bölümden ybarat bolup, her bölümi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň göwher paýhasyndan dörän gymmatly we çuň manyly şygarlary bilen atlandyrylan. “Bitaraplyk simfoniýasy” adamyň içki dünýäsi bilen daşky hakykatyň, şahsy we ähliumumy, geçmiş bilen geljegiň arasynda, köpri bolup durýan eserdir. Duşuşygyň dowamynda myhmandan saz çalyp bermegi haýyş etdiler. Sazyň inçe we duýgulandyrýan owazlaryna aralaşyp, Röwşen Nepesow pianinoda kalplary tolgundyrýan sazlar çaldy. Duşuşygyň ahyrynda ýadygärlik surata düşdiler. 
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky
 Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 
 “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Toýlyýewa Dünýägözel

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219