Türkmen kompozitory «Maňғystau maқamdary» halkara bäsleşiginde Gran-pri baýragyna eýe boldy

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Röwşen Nepesow Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen «Maňғystau maқamdary atly türki dünýäsiniň kompozitorlarynyň halkara bäsleşiginde Gran-pri baýragyna mynasyp boldy.

Bu bäsleşik «Aktau – türki dünýäniň medeni paýtagty» taslamasynyň çäklerinde geçirildi we SSSR-iň Halk artisti, Gazagystanyň Halk gahrymany Nurgisi Tlendiýewiň 100 ýyllygyna bagyşlandy.

Sungat işgärleriniň bu halkara bäsleşigi türki halklaryň ruhy mirasyny wasp etmäge, ýaş ýerine ýetirijileri goldamaga we halk kompozitorlarynyň döredijiligini wagyz etmäge gönükdirildi – diýip, www.gov.kz saýtynda habar berilýär.

Gran-pri baýragy türkmen kompozitory bilen bilelikde Astanadan bolan mukamçy Aýtkaly Žaýymowa hem berildi. 1-nji orny Sanjar Baýterekow we Ýermurat Usenow (Almaty) eýeledi, 2-nji orna Arman Žaýym (Astana) we Bawyrjan Köbengaliýew (Mangystau sebiti) mynasyp boldy, 3-nji orny bolsa Aýgerim Aulbek (Astana) we Aýdarbek Onaýbaýew (Mangystau sebiti) eýeledi.

Dirižýor, kompozitor we sazanda Röwşen Nepesow diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem giňden tanalýar. Ol köp sanly halkara festiwallara işjeň gatnaşyp, dürli türki dilli ýurtlaryň kompozitorlary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk «Bitaraplyk simfoniýasynyň» awtory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Röwşen Nepesow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219