Türkmenistan «Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň medeni dialogy» atly täze meýdançany döretmegi teklip edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň medeni dialogy» atly medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze meýdançasyny döretmek başlangyjyny ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada döwlet Baştutany Astanada 17-nji iýunda geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde eden çykyşynda aýtdy.
«Ýurtlarymyzyň her birinde bilelikdäki medeniýet we sungat festiwallaryny yzygiderli esasda guramak mümkinçiligine seretmegi, şundan ugur alyp, «Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň medeni dialogy» atly medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze meýdançasyny döretmek başlangyjyny ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýäris» diýip, döwlet Baştutany belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanlarynyň makullan ýagdaýynda, ugurdaş edaralara şeýle meýdançanyň usullaryny işläp taýýarlamak barada degişli tabşyryklary berip boljakdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, köpasyrlyk beýik medeniýet we hakyky ruhy-ahlak gymmatlyklary Merkezi Aziýanyň hem-de Hytaýyň halklarynyň hyzmatdaşlygynyň, taryhy we häzirki ýakynlygynyň, özara düşünişmeginiň, birek-birege oňyn garaýyşlarynyň mizemez esasyny düzýär.
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti 17-nji iýunda Astanada geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, HHR-iň Başlygy Si Szinpin we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary gatnaşdylar. Şeýle formatdaky birinji sammit 2023-nji ýylyň maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilipdi.