Sungata sarpaly ýaşlar biz
Sungata sarpaly ýaşlar biz
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň turkmen medeniýetini we sungatyny belent sepgitlere ýetirmek maksady bilen uly işler durmuşa geçirýär. Netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işler belent üstünliklere guwanyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýar.
Şonuň bilen bilelikde ýurdumyzda medeniýete, sungata, teatr we kino sungatynda hem uly ösüşlere eýe bolunyp, ýaş aýdymçy sazandalary ýüze çykarmak maksady bilen uly işler alnyp barylýar. Ýylyň ýylynda täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär.
Biziň sungat ojagymyz bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň talyplaryna “Sahna hereketi “ dersi okadylyp sahnada hereketleriniň inçe syrlaryny, taryhyny, ilki bilen sahnada özüňi nähili alyp barmalydygyny, ritmiki tans hereketlerini, maşklary öwredilýär. Sahna hereketi dersi diňe bir maşklary öz içine alman eýsem, sahnada wokal aýdymlaryny aýtmaga, dürli operadan keşpleri ýerine ýetirmegi, umuman sahnada görkeziljek eserleriň ählisini özünde jemleýär.
Kalplary hyjuwly “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminin III yyl talyplarynyn haýwanlaryň keşplerine girip I.A.Krylowyň basnýasyndan gülküli eser “Krylow haýwanlaryň iýgenji” atly gülküli basnýasyny janlandyrdylar. Talyplar her bir haýwanlaryň keşlerini hereketlerini, seslerini, intonasiýalary goýmagy başardylar. Soňra olar dostluga çagyrýan şekilde halypa mugallymlaryna bagyşlanan aýdymlaryny hem oňat ýerine ýetirmegi başardylar. Bölümiň uçurum talyplarynyň B. Mämmedowyň “Juwan kalbym joşanda” eserinden bir parça sahnalaşdyrdylar. Olaryň ynsanperwerlik duýgusy berkap, ene-ata bolan söýgüsi, dostluk-doganlyk, agzybirlik, jebislik ýaly duýgular eserde has ösdürilipdir. Sahnada görkezilen eser ähli talyplarda uly täsir galdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryndan ugur alan, talyp ýaşlar öz bilimlerini has-da çuňlaşdyryp okamagy, döretmegi, öz sungatyna bolan söýgüsini açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berenligi üçin köp sag bolsun aýdýarys! Medeniýetimiziň, sungatymyzyň Hak Howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il- ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli beýik işleri üstünliklere beslensin!
Güljeren Sähetliýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň ýanyndanky Daňatar
Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite
sazçylyk mekdebiniň talyby.