Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi
Türkmenistanda 27-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Bu baýrama gabatlanyp geçirilen Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy diýip, TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, irden Magtymguly Pyragynyň Aşgabatdaky beýikligi 60 metr ýadygärligiň ýanynda geçirilen dabara gatnaşmak üçin Mejlisiň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, döredijilik işgärleri, talyplar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylar ýadygärlige ajaýyp gül desselerini goýdular.
2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynda ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirildi. Ýygnananlar ilki Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna, medeniýet we sungat işgärlerine iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler.
Dabara ýurduň halk artistleriniň we birleşen folklor tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde «Medeniýetiň howandary Arkadag» atly aýdym bilen açyldy. Ajaýyp sahnada sungat ussatlarynyň dabaraly konserti guraldy. Ýurduň halk we at gazanan artistleri Watany wasp edýän ruhubelent aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyna döredilen aýdym hemmeler tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Dabaranyň ajaýyp bezegine öwrülen bu aýdym Ahal welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň hor topary bilen bilelikde ýerine ýetirildi. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleriniň “Magtymguly Pyragy” atly edebi-sazly kompozisiýasyny tomaşaçylar dowamly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Türkmen şygryýetiniň beýik akyldarynyň janly keşbi sahna eseriniň esasy özenini düzdi.
Döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlary, nusgawy aýdym-sazlar häzirki döwrümiziň joşgunly estrada aýdymlary, tans çykyşlary bilen sazlaşykly utgaşyp, bir bitewi ruhy gurşawy emele getirdi. Dabara türkmen halk dessanlarynyň äheňinde döredilen «Hatyrjem bolgul» (“Saýatly Hemra”), «Uzuklar» ýaly folklor çykyşlary bilen dowam etdi.
«Meňli», «Dehistan», «Margiana», «Aşgabat» folklor-tans toparlarynyň, Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň birleşen folklor-tans toparlarynyň çykyşlary ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady. Ýurdumyzyň birleşen folklor-tans toparynyň ýerine ýetiren küştdepdi tansy tomaşaçylara aýratyn ruhy lezzet paýlady.
Ýurduň medeni durmuşyndaky möhüm wakalary beýan edýän wideoşekiller döredijilik çykyşlaryna ajaýyp öwüşgin çaýdy. Baýramçylyk konserti ähli dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Gülle, medeniýetim, sungatym bu gün!» atly aýdym bilen tamamlandy.
Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.