Türkmenistanda sentýabr aýynda nähili medeni çäreler geçiriler?

Wise-premýer B.Seýidowa 29-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde şu ýylyň sentýabr aýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmegiň Tertibi barada hem hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, indiki aýda «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň, «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň, Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasynyň, welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabaralarynyň, Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada baýramçylyk mynasybetli dabaraly ýörişiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli sentýabr aýyndaky baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy. Bu barada TDH ýazýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219