Türkmenistan we Azerbaýjan özara Medeniýet günlerini geçirer

APA habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistan we Azerbaýjan özara Medeniýet günlerini geçirer.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, 2026-njy ýylyň aprelinde bolsa Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Bu medeni çäreler 22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşykda gazanylan degişli ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolar.
Awazada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edilip, onda sebitdäki ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.
«Ta­rap­lar de­giş­li döw­let dü­züm­le­ri­niň we jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň, bar­lag mer­kez­le­ri­niň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni nyg­tap,
me­de­ni-yn­sanperwer ugur­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Ta­rap­lar ola­ryň döw­let­le­ri­niň we halk­la­ry­nyň ara­syn­da dost­lu­gy hem-de hem­me­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na
pug­ta ynam bil­dir­di­ler» diýlip, resminamada bellenilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219