Ýaponiýada Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
1-nji sentýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli pawilýonynda ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Çäräniň maksady türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, nepis haly sungatyny we milli lybaslaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Çärede türkmen dokma senagatynyň gazananlaryna aýratyn orun berildi.
Sergä gelen myhmanlar türkmen halylarynyň gözelligi, milli nagyşlaryň mazmuny, şeýle hem dokma önümleriniň döwrebap ösüş derejesi bilen tanyşdyryldy. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň dokma senagaty we haly önümçiligi babatda gazanan üstünliklerine bagyşlanan çykyşlar edildi.
Türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi dabaranyň aýratyn täsir galdyran pursatlarynyň biri boldy. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň taýýarlan häzirki zaman öwüşginli milli lybaslary tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.
Şeýle hem çäräniň çäklerinde türkmen haly sungaty boýunça ýörite master-klass geçirildi. Myhmanlar haly dokalyşynyň inçe syrlary, nagyşlaryň manysy hem-de halyçylyk däpleri bilen ýakyndan tanyşdylar.