Pakistanyň ilçisi sungatda hyzmatdaşlygy giňeldilmegini teklip etdi
Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Pakistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan medeni-aşpezlik çäresi geçirildi. Bu çäre Pakistanyň medeniýeti, saz sungaty we milli aşhanasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirildi.
Çärede Pakistanyň tarapyndan bu ýurduň Türkmenistandaky ilçisi Farýal Legari, türkmen tarapyndan bolsa medeniýet ministri Atageldi Şamyradow wekilçilik etdi. Şeýle hem bu çärä dürli ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda ilçi Farýal Legari Türkmenistany Bitaraplygyň 30 ýyllygy bilen gutlady. Ol bu senäniň 2025-nji ýylyň BMG tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegi bilen gabat gelýändigini belledi. Diplomat Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň ilkinji gezek 1995-nji ýylda EKO-nyň (Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň) sammitinde öňki Prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan öňe sürlendigini nygtady.
Ilçi Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda gadymy Beýik Ýüpek ýoluna uzap gidýän çuňňur taryhy we medeni baglanyşyklaryň bardygyny aýtdy. Ol iki ýurduň arasynda sufistik pikirleriň we ruhy mirasyň umumylygyny belläp geçdi — Pakistanda Allama Muhammet Ykbal, Türkmenistanda bolsa Magtymguly Pyragy ýaly şahsyýetler bu ruhy baglanyşygyň nyşany hökmünde görkezildi.
Farýal Legari iki ýurduň arasynda medeni alyş-çalyşy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki işleri alyp barmagy teklip etdi. Ol hyzmatdaşlygyň ugurlary hökmünde bilelikdäki çeper sergileri geçirmegi, suratkeşleri alyşmagy, dokma we moda boýunça hyzmatdaşlyk etmegi, aşpezlik däpleriniň utgaşdyrylmagyny, şygyryýet çykyşlaryny guramagy, kinolary görkezmegi we konsertleri guramagy teklip etdi.
Ilçi şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde we medeni merkezlerinde umumy medeniýet, taryh, edebiýat we halkara gatnaşyklary barada çykyş etmäge taýýardygyny aýtdy, bu çykyşlar Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde guralar.
Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow guralan çärä üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistan bilen Türkmenistanyň medeniýetiniň we aşhanasynyň meňzeşligini belledi. Ol Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň Pakistanyň aýdymlaryny ýerine ýetirýändiklerini we olary türkmen diline terjime edýändiklerini nygtady.
Çäräniň dowamynda myhmanlara Pakistanyň aşhanasynyň dürli tagamlary hödürlenildi. Agşamky çäre saz çykyşlary bilen dowam etdi, onuň dowamynda türkmen aýdymçylary we sazandalary Pakistanyň kompozisiýalarynyň sazlaryny ýerine ýetirdiler.