Türkmenistanyň «Altyn asyr» elektron gazeti Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazeti bilen hyzmatdaşlyk eder

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaýly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi we dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklardan soňra ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy (Türkmenistan) bilen «Ženmin Žibao» neşiriniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem bar.

Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar maglumatlary alyşmak, bilelikdäki mediataslamalary durmuşa geçirmek we žurnalistleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler diýip, TDH habar berýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219