Döwran Şammyýew «Silk Way Star» bäsleşiginde Türkmenistana wekiliçilik edýär

Ýaş aýdymçy Döwran Şammyýew «Silk Way Star» atly aýdym-saz bäsleşiginde Türkmenistana wekilçilik edýär. Häzirki wagtda Astanada bu bäsleşigiň surata düşüriliş işleri başlandy.

Bu Aziýanyň ilkinji wokal bäsleşigi bolup, oňa 12 döwletiň – Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Malaýziýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň ýerine ýetirijileri gatnaşýarlar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň wekilleri bu bäsleşigiň eminler toparynyň düzüminden hem orun aldylar. Has takygy, bäsleşige gatnaşyjylaryň çykyşlaryna Türkmenistanyň at gazanan artisti, görnükli dirižýor we Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýolbaşçysy Resul Gylyjow baha berer.

Guramaçylaryň bellemeklerine görä, jemi 10 bölüm surata düşüriler. Bäsleşigiň üç dilde — gazak, hytaý we iňlis dillerinde tomaşaçylara ýetirilmegi bilen oňa bir milliarddan gowrak adam tomaşa eder.

Gatnaşyjylaryň arasyndan iň gowy 7 wokalist 22-nji noýabrda göni ýaýlymda geçiriljek «Uly finala» gatnaşmaga hukuk gazanar.

Bellenilişi ýaly, türkmenistanly ýaş aýdymça goldaw hökmünde watandaşlary oňa türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen we 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň senasy hökmünde ýaňlanan aýdymyň sözlerini iberýärler:

«Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219