Sinandali klassyky saz festiwalynda Türkmenistanyň milli saz sungatynyň güni geçiriler

4-nji sentýabrda Gruziýada klassyky saz boýunça 7-nji Sinandali festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazandalary hem gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, 9-njy sentýabrda Sinandali festiwalynyň çäklerinde dünýä belli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň saz eserleri ýerine ýetiriler, 13-nji sentýabrda bolsa festiwal tomaşaçylara Türkmenistanyň milli saz sungatyna bagyşlanan aýratyn bir güni sowgat eder.Türkmen sazandalary festiwalyň ýüregi bolan hem-de Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa, Özbegistan, Türkiýe hem-de Ukraina ýaly ýurtlaryň ýaş sazandalaryny birleşdirýän Pan-Kawkaz ýaşlar orkestriniň düzüminde çykyş edýärler.

Festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň medeniýet ministri T.Ruhadze, festiwalyň Baş direktory D.Sakwarelidze, şeýle-de çäräni gurnaýjylar bilen duşuşdy. Diplomat halkara festiwalyň ynsanperwer, bilim we medeni ugurlarda geljekki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçiliklerini açjakdygyna ynam bildirdi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219