Türkmenistanyň ilçihanasy Buharestde guralan III Aziýa medeniýetiniň festiwalyna gatnaşdy
6-njy sentýabrda Buharest şäheriniň Dimitriýe Gusti adyndaky Milli oba muzeýiniň hemaýat bermeginde Türkmenistanyň ilçihanasy we Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalary tarapyndan hyzmatdaşlykda guralan III Aziýa medeniýetiniň festiwaly geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Festiwala Rumyniýanyň döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Buharestiň ýaşaýjylary gatnaşdylar.Türkmenistanyň ilçihanasynyň sergi meýdançasynda milli lybaslar, haly önümleri, saz gurallary, şeýle hem milligi we döwrebaplygy özünde jemleýän keşdeler görkezildi.
Medeni maksatnamanyň çäklerinde türkmen bagşysynyň dutarda milli halk aýdymlaryny ýerine ýetirmegi dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.
Sergide türkmen halkynyň edebi mirasyna hem aýratyn orun berildi. Myhmanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň eserleri, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň dürli dillere, şol sanda rumyn diline terjime edilen eserleri bilen tanyşdylar.Gadymy däpler bilen häzirki zaman modasynyň täzeliklerini sazlaşykly birleşdirýän türkmen lybaslarynyň toplumy hem myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.
Festiwalyň jemleýji bölegi hökmünde guralan «Aziýa ýurtlarynyň aşhanasy» atly sergide ähli gatnaşyjy ýurtlaryň milli tagamlary myhmanlara hödürlenildi diýlip, habarda bellenilýär.