Aşgabatda Garaşsyzlyk binasynyň keşbinde seýilgäh açyldy

Aşgabat şäherinde döwrebaplaşdyrylan seýilgähiň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, ýokardan seredeniňde seýilgähiň gurluşy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasynyň keşbini ýada salýar.
Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, deputatlar, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagalarydyr agtyklary bilen bilelikde, şeýle-de paýtagt şäherden il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, bilim işgärleri, talyp ýaşlardyr mekdep okuwçylary, bagtyýar körpeler gatnaşdylar.
Bu ýerde şowhunly aýdym-sazly çykyşlar, medeniýet we sungat ussatlarynyň, tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary, şeýle-de bagtyýar çagalaryň ýörite taýýarlan çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219