Aşgabadyň Puşkin adyndaky teatrynda «Juwan ýürek joşanda» spektaklynyň premýerasynyň görkezilişi bolar.

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda 20-nji sentýabrda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedowyň pýesasynyň esasynda «Juwan ýürek joşanda» atly aýdym-sazly spektaklynyň premýerasynyň görkezilişi bolar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.Häzirki zaman türkmen ýaşlarynyň durmuşy we, elbetde, söýgi barada goýlan bu spektaklda çagalar bilen ene-atalaryň meselelerine hem üns çekilýär.

Dramaturg Bilbil Mämmedow bu pýesany 20 ýyl mundan ozal ýazypdy. Pýesa ýurduň köp teatrlarynyň sahnalarynda üstünlik bilen görkezilipdi. Pýesany häzirki zaman tomaşaçysynyň dykgatyna ýetirmek üçin Puşkin teatrynyň döredijilik topary uly iş alyp bardy: edebiýat bölüminiň müdiri Maksat Hudaýgulyýew pýesanyň tekstini rus diline terjime etdi; goşgulary terjime etmek bilen – pýesada bolsa olaryň sany az däl – režissýor Kyýas Gurbanow meşgullanmaly boldy.Goşgulara sazy teatryň saz bezegçisi Begenç Kakaýew, aktýorlar Alina Andronowa we Swýatoslaw Lawin dagy saýlap aldylar. Horeograf Maral Hemragulyýewa aktýor Andreý Pawlowyň işjeň gatnaşmagy bilen spektaklda ýerine ýetirilýän tanslary goýdy.Spektaklda şeýle köp aýdym-sazlaryň we tanslaryň ýerine ýetirilýändigi nazara alynsa, ony mýuzikl hasaplap bolar – diýlip, çeşmede bellenilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219