Dünýa türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi

                
     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni aýdym-saza, baý taryhy wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmakda, ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Bu ajaýyp döwürde alnyp barylýan pähim-paýhasly, il-ýurt bähbitli işler medeniýet we sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge, öwrenmäge, döretmäge ruhlandyryp has-da öňe sary alyp barýar. 
Ýakynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatynyň açylyş dabarasy  boldy. Dabarada Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň maugallymlarydyr talyplary “Türkmenistan Parahatylygyň we Ynanyşmagyň Watany”, “Bagtyýarlyk mukamy” aýdymlaryny bagşylar topary bolup çykyş etdiler. Ýerine ýetirilen aýdymlar dabara uly şatlyk-şowhun goşdy.
Açylyş dabaranyň dowamynda mekdebiň mugallymlary Şäher Täçew, Amanlyk Amanlykow, talyplar Begli Altyýew, Güýçmyrat Şirmyradow, Arslan Rejebow, Serdar Annaýew, Döwletgeldi Tuwakow dagylar birnäçe türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirmegi tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. 
Bu günki gün dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda, daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň alyp barýan işlerine uly üns bermekde, medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmeginde belent işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza,  hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunymyzy aýdýarys.  

                                                                             Şöhratberdi Mededow
                              Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
                  Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk 
                       mekdebiniň “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219