Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli konsert we baýramçylyk feýerwerki guraldy
Düýn Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabatda badalga alan baýramçylyk dabaralary ýurduň ähli künjeklerinde dowam edip, raýatlaryň kalbyny baýramçylyk şatlygy hem-de buýsanç duýgulary bilen doldurdy.
TDH-niň habar berşi ýaly, ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralar agşam “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert bilen dowam etdi.
Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünde meşhur hem-de ýaş artistler, folklor-tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Baýramçylyk feýerwerki Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan dabaralaryň özboluşly jemlenmesine öwrülip, Aşgabadyň gijeki asmanyna ajaýyp baýramçylyk öwüşginini çaýdy.