Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli duşuşyk geçirildi

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

«Ýaşulular – jemgyýetiň paýhas mekdebi», «Döwürlere ýörelge, nesillere görelde siz, ýaşulular!» diýen at bilen geçirilen baýramçylyk duşuşygynda aýdym-sazly çykyşlar hem-de hormatly ýaşulularyny sylaglamak dabarasy boldy.Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre ýaşuly nesle bolan hormatyň beýany boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219