3-4-nji oktýabrda Aşgabatda Koreý medeniýetiniň festiwaly geçiriler

Aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary 3-4-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Koreý medeniýetiniň festiwalyna gatnaşmaga çagyrylýar.


Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň «Turkmenportala» habar bermegine görä, bu çäreleriň maksatnamasy halklaryň arasynda medeni gatnaşyklaryň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.


3-nji oktýabrda sagat 17:00-da «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde koreý medeniýetine we sungatyna bagyşlanan çäre geçiriler. Maksatnamadan kaligrafiýa boýunça ussatlyk sapaklary hem orun alyp, onda islendik adam öz adyny koreý elipbiýi Hangeulda ýazmagy öwrenip biler. Şeýle hem gatnaşyjylara koreýleriň milli lybasyny – hanbok geýip görmek mümkinçiligi dörediler.Myhmanlar «Koreýa syýahat» atly ýöriteleşdirilen fotozonada ýadygärlik surata düşüp, ýurduň baý medeni mirasyny görkezýän sergilere gatnaşyp bilerler. Çärä giriş mugt.


4-nji oktýabrda sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda konsert geçiriler. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde guraljak bu özboluşly konsertiň dowamynda Koreýa Respublikasynyň meşhur ýerine ýetirijileri – tenor jenap Kwon Hwapyong we mezzo-soprano hanym Kwon Minji çykyş ederler. Konserte giriş hem mugt bolar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219