Almaty şäherinde türkmenistanly tansçylar we horeograflar üçin döredilen rezidensiýa öz işini tamamlaýar
22-nji sentýabrdan bäri Almaty şäherindäki «Jolda Dance Theatrede» geçirilýän türkmenistanly tansçylar we horeograflar üçin döredilen medeni-tans rezidensiýasy öz işini tamamlar.
Rezidensiýanyň maksady tejribe alyşmakdan, özara peýdaly hünär gatnaşyklaryny ösdürmekden hem-de bilelikde döredijilik işlerini ýola goýmaga mümkinçilik döretmekden ybaratdyr.
Bu rezidensiýa häzirki zaman tansynyň ösüşine gönükdirilen hem-de Türkmenistandaky Fransuz instituty tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti, şeýle hem Fransiýanyň we Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanalary, şeýle-de Gazagystandaky «Goethe-Institut» bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän köp ugurly «Dance Turkmenistan!» atly taslamanyň bir bölegidir.
Iki hepdäniň dowamynda rezidensiýanyň gatnaşyjylary ýörite gözegçiniň ýolbaşçylygynda işläp, ýerli tans hünärmenleriniň ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar, şeýle hem teatr we tans jemgyýetleriniň wekilleri bilen tanyşdylar.
Ýörite gözegçiniň goldawy bilen gatnaşyjylar öz döredijilik ideýalaryny kämilleşdirdiler we häzirki wagtda 3-nji oktýabrda görkeziljek jemleýji açyk çykyşda hödürlenjek çykyşlaryň eskizlerini taýýarladylar.
Rezidensiýanyň prodýuserleri «Jolda Dance Theatreniň» esaslandyryjysy Žanna Tulendy hem-de prodýuser Nafisat Ýermagambetowadyr.
Ýörite gözegçi we tälimçilik topary tejribeli tansçylar, horeograflar we režissýorlar tarapyndan düzülen bolup, onuň düzüminde Artur Galimullin, Gulsaýa Taurhanowa, Mariýa Gubanova we Tomiris Mettybaýewa bar diýip, Türkmenistandaky Fransuz instituty özüniň metbugat beýanatynda habar berdi.
Taslama Ýewropa Bileleşiginiň daşyndaky ýurtlarda ýerli hyzmatdaşlar bilen wekilçilik edýän ýewropaly medeniýet işgärleriniň arasynda innowasion hyzmatdaşlyk modellerini synadan geçirmek hem-de ornaşdyrmak üçin döredilen «European Spaces of Culture» maksatnamasynyň çäginde «EUNIC» tarapyndan maliýeleşdirilýär.