Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra gününiň çärelerine gatnaşdy

Şu gün — Hatyra gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Hatyra gününde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanyldy.  

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna geldi. Ilki bilen bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. 

Soňra tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler, gurban bolan Watan goragçylary baradaky halk hasratynyň özboluşly sazly senasyna öwrülen gamgyn  «Keçpelek» sazy ýaňlanýar. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap,  «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül dessesini goýdy. 

Soňra döwlet Baştutany Watanyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen  «Milletiň ogullary» ýadygärligine gül dessesini goýdy. 

Prezident Serdar Berdimuhamedow soňra  «Baky şöhrat» ýadygärligine gül dessesini goýdy. 

Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gül desselerini goýdular. Ýurduň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtyň ýaşaýjylary hem olaryň göreldesine eýerdiler.

Döwlet Baştutany öten-geçenleri hatyralap berilýän sadakalaryň, edilýän doga-dilegleriň kabul bolmagyny dileg etdi. Hatyra çäreleri tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndan ugrady.

Hatyra gününde şeýle çäreler Aşgabatda bolşy ýaly, Arkadag şäherinde, ýurduň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219