Türkmenistanyň wekilleri «Dutaryň owazy» festiwalynyň çäklerindäki maslahata gatnaşarlar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň wekilleri 27-nji oktýabrda Moskwada, Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň aýdym-saz bölüminiň binasynda geçiriljek «Urşuň keşbi sungatyň aýnasynda» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşarlar.

Bu maslahat Nury Halmämmedowyň adyny göterýän IX Moskwa halkara sungat festiwaly — «Dutaryň owazy» festiwalynyň çäklerinde guralýar. Festiwal Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanýar.

Forum taryhy ýatda saklamak, şahsyýetiň kemala gelmeginde sungatyň orny bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar.

Maslahat sungat, bilim we ylym ugurlaryny gurşap alar. Ol aýdym-sazyň dürli taryhy döwürleri bilen baglanyşygyny, onuň sungatyň beýleki görnüşleri bilen utgaşýandygyny öwrenmäge gönükdiriler. Şeýle hem mekdeplerde saz bilimi, dünýä medeniýeti bilen tanyşlyk, nusgawy we häzirki zaman sazlarynyň özara täsiri, häzirki zaman sungatynyň giňişliginiň aýratynlyklary ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219