Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy

Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy. Ony Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministrlikleri bilelikde gurady. Iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen bu çäreler 15-nji oktýabra çenli dowam eder. Bu barada Azertag.az we Azerbaýjanyň beýleki metbugat gulluklary habar berýär.

Medeniýet günleri mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet işgärlerinden we sungat ussatlaryndan düzülen iri wekiliýet Medeniýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda Bakuwa geldi.

Medeni alyş-çalyş günleriniň dabaraly açylyşyna 13-nji oktýabrda Azerbaýjanyň Medeniýet ministrliginde geçirilen duşuşyk badalga boldy. Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Kerimli türkmen wekiliýetini mübärekläp, Medeniýet günleriniň geçirilmegi bilen gutlady. Duşuşygyň dowamynda taraplar Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Geýdär Alyýew merkezinde geçirildi.Dabarada çykyş eden Azerbaýjanyň medeniýet ministriniň orunbasary Murat Guseýnow bu medeni çäreleriň uly ähmiýete eýedigini belledi. Ol azerbaýjan hem-de türkmen halklarynyň taryhy we medeni kökleriniň birdigini, şeýle hem olaryň dostlugynyň sarsmazdygyny aýratyn nygtady.

Dabaranyň myhmanlary türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik aldylar. Çäräniň çäginde surat we foto sergileri guraldy. Şeýle-de türkmen saz sungatynyň nusgalary, milli lybaslar, amaly-haşam sungatynyň eserleri hem-de gymmatly muzeý eksponatlary görkezildi.Dabaranyň soňky bölegi türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen bezelen şowhunly konsert bilen tamamlandy.Türkmenistanyň Medeniýet günleri 15-nji oktýabra çenli dowam eder. Şol günlerde Baku hem-de Genje şäherleriniň ýaşaýjylary türkmen halkynyň baý medeniýeti bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolarlar. Şeýle hem Azerbaýjanyň Milli kitaphanasynda «Türkmen edebiýaty burçy» açylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219