Türkmen wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen seminar-maslahata gatnaşdy
Gazagystanyň Almaty şäherinde “Merkezi Aziýada mirasyň ýaşaýşyny goramak mümkinçiligini güýçlendirmek” atly seminar-maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň wekilinden ybarat bolan türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada medeniyet.gov.tm saýtynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýeti maddy däl medeni mirasy goramagyň mehanizmlerini gowulandyrmaga gönükdirilen diskussiýalara we amaly gönükmelere işjeň gatnaşdy.
Seminar-maslahat Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Almaty şäherindäki ÝUNESKO-nyň sebit bölümi tarapyndan guraldy.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar gyssagly gorag sanawyna girizmek üçin täzelenen anketalar bilen tanyşdylar, beýleki ýurtlaryň üstünlikli tejribelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň çäginde Almatydaky “Qazaq Oner” senetçilik merkezine syýahat edildi. Bu ýerde merkeziň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen milli keçe, keramika we metal önümlerini öndürýän ussahanalaryň öý goşlaryny we şaý-sepleri öndürmek prosesi bilen tanşyldy.
Seminar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda maddy däl medeni mirasy gorap saklamakda we halkara medeni mirasy goramak ülňülerini durmuşa geçirmekde hem-de tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.