«TRT Avaz» Aşgabatda Magtymguly we Arkadag şäheri baradaky filmlerini hödürledi
Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» kinoteatrynda Türkiýäniň «TRT Avaz» teleýaýlymynyň «Dana türkmen Magtymguly» we «Geljegiň şäheri Arkadag» atly dokumental filmleriniň ilkinji görkezilişi geçirildi. Çäräni Türkiýäniň Radiotelewizion korporasiýasynyň (TRT) Türkmenistandaky wekilhanasy hem-de «TRT Avaz» telekanaly bilelikde gurady.
Görkezilişe diplomatlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, KHBS-niň wekilleri hem-de paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.
Birinji film beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň durmuşy we döredijiligi hakda bolup, onuň adyllyk, dost-doganlyk we ynsanperwerlik baradaky pikirleriniň XXI asyrda-da öz ähmiýetini ýitirmän gelýändigini görkezýär.
Ikinji film bolsa Arkadag şäherine bagyşlanypdyr. Onda sebitde ilkinji «akylly» şäher hökmünde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ekologiýa ölçegleriniň we durnukly ösüş ýörelgeleriniň üstünlikli ornaşdyrylyşy görkezilýär.
«TRT Avaz» teleýaýlymy 16 ýyldan bäri möhüm wezipe ýerinäni ýetirýär – ol türki halklaryň arasyndaky medeni we ruhy köpri hökmünde çykyş edýär» diýip, «TRT Avaz» teleýaýlymy utgaşdyryjysy Ýujel Kylyçkaýa belledi.«Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, «TRT-niň» wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäginde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türk teleýaýlymynyň wekilleriniň žurnalist talyplar bilen duşuşygy geçirildi. Myhmanlar öz iş tejribeleri barada gürrüň berip, geljekki media hünärmenleriniň sowallaryna jogap berdiler.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen «TRT» korporasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk žurnalistleriň tejribe alyşmagyny, medeni we bilim ugurlaryndaky bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyny öz içine alýar. Neşiriň belleýşi ýaly, geljekde täze dokumental filmleri surata almak, sanly platformalar üçin gepleşikleri döretmek hem-de ýaş hünärmenler üçin tejribelik saparlaryny guramak meýilleşdirilýär.