“Kämil ýolunyň ussady”
Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ata – watanymyz ähli ulgamlarda bedew bady bilen uly ösüşlere eýe bolýar. Bu bolsa, häzirki wagtda milli medeniýetimizi we sungatymyzy kämilleşdirmek, medeni ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek ugrunda tutumly işleri alynyp barylýar. Onuň aýdyň subutnamasy bolup Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde “Türkmenistanyň halk artisti” Ata Ablyýewiň döredijiliginiň 100 ýyllygy mynasybetli duşuşyk çäresi geçirildi.
Türkmen halkynyň toý baýramçylygyny bagşysyz göz öňüne getirip bolmaýşy ýaly, bagşyny hem gyjakçysyz asla mümkin däl. Ýeri gelende aýtsak gyjak saz guraly çalyp il – halkyna hyzmat eden ezber gyjakçymyz, ol Ata Ablyýewdir. Onuň bijaý ýatkeşligi, tapylgysyz zehini, ukyby bilen deň-duş kärdeşlerinden tapawutlanan Ata aga uly halypaçylyk we döredijilik ýoluny geçdi. Nurýagdy Baýramow, Akmyrat Çaryýew, Saparguly Işangulyýew, Çary Alladurdyýew, Oraznepes Döwletnazarow, Bibi Welmyradowa ony özleriniň halypasy saýýarlarlar. T.Suhangulyýew, A.Gönibekow, M.Täçmyradow, P.Saryýew, G.Ugurlyýew ýaly mukamçylarmyzyň döredijilik däplerine turuwbaşdan belent bolan Ata Ablyýewiň zehininden dürli many-mazmunly aýdym-sazlarynyň birgideni dünýä indi. Muny Sahy bagşa bagyşlap ýazan <<Ussada>> atly sazynyň, <<Seretmez>>, <<Sarygyz, saklan biraz>>, <<Uz eýlär>>, <<Garrylar gerek>>, <<Dostum sen>>, <<Halyçy gelin>>, <<Gyzlaryň>>, <<Ýaryşdaş dostlar>> atly ençeme eserleriniň mysalynda görýäris. Şol aýdym - sazlarynyň haýsy birini ünsli diňläp, ýekän-ýekän seljerseň, milli sazymyzyň iň inçe, iň näzik we çylşyrymly öwrümlerini, bezeglerini, äheňlerini ýokary ussatlykda peýdalanandygyny duýmak bolýar.
Duşuşygymyzyň dowamynda Ata Ablyýewiň döredijiligi barada arhiwdan alynan gyzykly wideo ýazgylary görkezildi, we halypamyzy ýakyndan tanan Türkmenistanyň halk artisti, mukamçy kompozitor Akmyrat Çaryýewiň, halypamyzyň ogly Ablyýew Aşyr Ataýewiçiň we mekdebimiziň mugallymy Atakow Spartagyň çykyş etmeginde, gyzykly gürrüňlerine talyplar tomaşa etdiler. Şeýle-hem mekdebimiziň IV ýyl talyplarynyň Şirli Şirwanyň “Dostum sen”, Jumabaýewa Merjeniň “Bagşydyň” atly aýdymlary ýerine ýetirildi, olara Annagulyýew Yslamguly we Aýmuhammedow Agamyrat sazandarlyk etdiler.
Pursatdan peýdalanyp Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsunymyzy aýdýarys. Olaryň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Orazmuhammedowa M.A
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň
mugallymy