Türkmenistanyň Azerbaýjandaky Medeniýet günleri Genjedäki konsert bilen tamamlandy
Türkmenistanyň Azerbaýjanda geçirilen Medeniýet günleri Genje şäherinde dostluk konserti bilen tamamlandy. Azertag.az habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu çäre iki ýurduň Medeniýet ministrlikleri tarapyndan guraldy.
Jemleýji konsert iki doganlyk halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara bagyşlandy. Çäräniň maksady Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Konsert maksatnamasynda iki ýurduň sungat işgärleriniň çykyşlary görkezildi. Türkmenistana ýurduň ussat sungat işgärleri, halk döredijilik we etnografik ansambllary wekilçilik etdi. Olaryň ýerine ýetiren sungat eserleri dostluk we raýdaşlyk ruhuny açyp görkezdi.
Azerbaýjana ýurduň halk aýdymçylary Gulýanag we Gulýaz Mamedowlar, at gazanan medeniýet işgärleri Mehpara Jafarowa, Rüstam Jafarow, Sahri Aliýewa we Geýgel döwlet aýdym-saz ansambly wekilçilik etdi.
Türkmen tarapyndan sungat ussatlary Jemal Saparowa, Bahar Annaýewa, Maýa Orazberdiýewa, Kerwen Ýowbasarow, Rüstem Hallyýew we "Dokmaçylar" halk döredijilik we etnografik ansambly çykyş etdi.
Iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki çykyşlary halklaryň arasyndaky dostlugyň we medeni ýakynlygyň nyşanyna öwrüldi.