Talyplarymyzyň üstünligi
Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlara okamak, öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek bilen, ata Watanmyzyň şan-şöhratyny belende götermelidirler” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklyk, Watana we şohratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessuryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhynda terbiýelemek, ylym-bilimine höwesini artdyrmak maksady bilen, 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagydaky orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirilen “Medeniýet ylhamyň gözbaşy” atly “Dünýä sungatynyň taryhy” boýunça ders bäsleşiginde mekdebimiziň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň talyplary Hojatowa Gülälek II orna we Amanowa Bägül minnetdarlyk hatyna mynasyp boldylar. Bu bäsleşik, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde geçirildi. Ýeňijilere hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Orazmuhammedowa M.A
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň
mugallymy