Italiýada ilkinji gezek«Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergi geçiriler

2025-nji ýylyň 25-nji oktýabryndan 2026-njy ýylyň 12-nji apreli aralygynda Rim şäherindäki Kapitoli muzeýiniň «Palazzo dei Conservatori» binasynda «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly özboluşly sergi geçiriler. Italiýada ilkinji gezek giň jemgyýetçilige Margiana we Parfiýa medeniýetleriniň taryhyny açyp görkezýän arheologik gymmatlyklar görkeziler.
Bu sergi Rim şäheriniň häkimiýeti, Rim şäheriniň medeniýet müdirligi we Kapitoli medeni miras müdirligi tarapyndan Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda guralýar.
Taslamanyň hyzmatdaşlary hökmünde «Zètema Progetto Cultura», «ISMEO» (Ortaýer deňzi we Gündogar boýunça halkara ylmy birleşik), «CRAST» (Turiniň Ýakyn Gündogarda we Aziýada arheologik gözlegler merkezi) we Turin uniwersiteti çykyş edýärler.
«Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly bu sergi müňýyllyklaryň dowamynda Gündogaryň we Günbataryň arasynda medeni köpri bolup hyzmat eden, dünýä medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan türkmen topragynyň şöhratly taryhyny Ýewropa ýurtlarynyň ilatyna ýakyndan tanatmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219