Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Çäre 21-nji oktýabrda Özbegistanyň Horezm welaýatynda guralan dabaraly konsert bilen açyldy. Bu barada Özbegistanyň Medeniýet ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Konsertiň öňýanynda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow we Özbegistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Bahodir Ahmedow söz sözlediler. Olar soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň has-da ösdürilýändigini nygtadylar.Soňra konsertde türkmenistanly medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.

Şu gün — 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet günleriniň çäginde Horezmde iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik duşuşygy geçirildi.Duşuşykda taraplar iki halkyň arasyndaky dostluk we hoşniýetli gatnaşyklar, şeýle hem medeniýet pudagynda gazanylan üstünlikler barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet günleri dowam edýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219