Sanly ulgam arkaly usuly maslahaty geçirildi
Sanly ulgam arkaly usuly maslahaty geçirildi
Ýakynda Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň guramagynda Ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölümleriniň mugallymlarynyň arasynda “Saz informatikasy” dersini okatmagyň usulyýeti barada usuly maslahat geçirildi.
Häzirki globallaşmak şertlerinde tehnologik taýdan özgertmeler ösüşleriň syýasy, ykdysady şol sanda medeniýetiň esasy gurallarynyň biridir. Şoňa baglylykda ähli ugurlary sanly ulgama geçirmek hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylýan özgertmeler strategiýasynyň aýrylmaz bölegidir. Häzirki wagtda sanly ulgama geçilmegi durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň açary bolup hyzmat edýär.
Dürli hünärlerde maglumat tehnologiýasyny ulanmak ukyby häzirki şertlerde barha zerur talap bolup durýar. Sazandanyň işinde hem nota redaktorlary aýratyn ähmiýete eýe bolup, ýeterlik giň mümkinçiliklere eýe we ähli aýdym-saz hünärleriniň wekilleri tarapyndan talap edilýär. Nota redaktorlary döredijilik meselelerini çözmek üçin kompozitorlar we aranžirowkaçylar tarapyndan giňden ulanylýar: ýerine ýetiriji sazandalar dürli görnüşli eserleri döretmek we belli eserleri täzeden işlemek üçin, ussat sazandalar bolsa usulyýet hem ylmy işlerde saz maglumatlaryny ulanmak üçin peýdalanylýar. Nota redaktorlary dürli iş ugurlarynda – professional saz biliminde we döredijiliginde, kino pudagynda, telewideniýada, teatrda, konsertde, nota neşir guramalarynda we kitaphanalarda ulanylýar.
Saz informatikasy – informatikanyň bölegi bolup, sesiň işlenilmeginde we sazda maglumat (informasiýa) tehnologiýalaryny ulanmagy öwrenmekdir.
Geçirilen usuly maslahatyň dowamynda mugallymlar gezekli-gezegine çykyş edip, öz tekliplerini berdiler. Geljekde “Saz informatikasy” dersiniň maksatnamasyny has-da kämilleşdirmek we ders boýunça okuw kitaplarydyr gollanmalary ýazmaklygy maksat edindiler.
Maýa Kulyýewa adyndaky
TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky
TDÝSM-niň “Sazyň taryhy we nazaryýeti”
Bölüminiň mugallymy Aýdogdyýewa B.A.