Okuw sapagy geçirildi
24-nji oktýabrda biziň okuw jaýymyzda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Estrada sungaty” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde şol kafedranyň müdiri Mämmetjumaýewa Maýsa Baýramownanyň guramagynda “Türkmenistanda estrada sungatynyň döreýiş taryhy” barada okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň estrada sungatynyň döreýşi we ösüş ýolunyň taryhyna ser salnyp, öňki asyryň başlaryndan başlap, has takygy SSSR-iň çäginde estrada ansambllary, orkestrleri, jaz toparlarynyň ilki Moskwa, Sankt-Peterburgda we beýleki şäherlerde 1927-1935-nji ýyllarda dörändigi barada aýdyldy. Soňra kem-kemden bu sungat Orta Aziýa Respublikalaryna gelip ilkinji çeper höwesjeňleriň gurnaklary dörändigi barada we şol gurnaklara ýaş zehinli oglan-gyzlar saýlanyp alynandygy barada aýdyldy.
Okuw sapagynyň dowamynda ilkinji professional topar ýagny, türkmen döwlet tans toparynyň döreýşi ilkinji estrada orkestriň esasy sütüni bolan aýdymçylar: S.Ataýew, G.Hümmedowa, R.Rozyýewanyň orny we aýdymçy Myrat Sadykowyň “Güneş” ansambly bilen baglanşygy we şol ansamblyň döreýiş taryhy we ansambly depçisi Rişat Şafiýewiň ussatlygy, çalasynlygy we şol döwür jaz-rok sazlarynyň döremegi barada giňişleýin wideo ýazgylar arkaly gyzykly söhbetli gürrüň edildi.
Bulardan başga 1976-nji ýylda “Güneş” ansamblyň ýolbaşçysy Oleg Korolýowyň maşgala ýagdaýy sebäpli ansamblyndan gitmegi we aýdymçy Şamämmet Bäşimowyň gelmegi bilen ansamlyň ösüş sepgitleri, konsetr ýazgylary görkezildi. Şol döwür türkmen kompozitorlarynyň: N.Halmämmedowyň, Ç.Nurymowyň döreden eserleri jaz äheňde ýerine ýetirilip başlanýar, wagtyň geçmegi bilen “Güneş” ansamblynyň “Dessan” ansamblyna öwrülip, onda aýdymçylar Atabaý Çarygulyýewiň, Akmuhammet Saparowyň, Gulşat Gurdowanyň, Annaberdi Atdanowyň we estrada toparlary barada agzap geçildi.
Okuw sapagynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän mümkünçilikleri üçin köp sagbolsunlaryny aýdyp, olaryň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmaklaryny arzuw etdiler.
Maýa Kulyýewa adyndaky
TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky
TDÝSM-niň “Sazyň taryhy we nazaryýeti”
bölüminiň mugallymy Orazmuhammedowa M. A.