Türkmenistanyň medeniýet ministri Samarkandda geçirilen ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynda çykyş etdi

Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradow 31-nji oktýabrda Samarkandda geçirilen ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynyň plenar mejlisine gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berilýär.

Ministr öz çykyşynyň dowamynda konferensiýanyň 40 ýyldan gowrak wagtdan soň ilkinji gezek Parižden başga şäherde geçirilmeginiň simwoliki mana eýedigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, konferensiýany geçirmek üçin Samarkandyň saýlanylmagy ÝUNESKO-nyň halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi we medeni dialogy berkitmäge bolan islegini şöhlelendirýär.

A.Şamyradowyň belleýşi ýaly, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu syýasat hemişelik Bitaraplyk, açyklyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanandyr.

Ministr Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen medeniýet, bilim, ylym we sanly tehnologiýalar babatynda alyp barýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi. Ol Türkmenistanyň çäginde müňden gowrak taryhy we medeni ýadygärligiň bardygyny, olaryň üçüsiniň — Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň Parfiýa galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi barada durup geçdi.

A.Şamyradow Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin agzalygyna hödürlenendigi barada maglumat berdi. Şeýle-de ol ÝUNESKO-nyň «UNITWIN», «Adam we biosfera», «Dünýäniň ýady» hem-de «Döredijilik şäherleriniň global ulgamy» ýaly maksatnamalarynyň çäginde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini belledi.

Çykyşynyň ahyrynda ministr Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň parahatçylygy, özara düşünişmegi we ynsanperwer gymmatlyklary pugtalandyrmak boýunça başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşmagyny dowam etdirjekdigini tassyklady.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22

Telefon belgiler:
925219